You are currently viewing Özüme nesihat

Özüme nesihat

Degräňdäki öýke-kinä ýugrulan ähli sesleri mylakata öwrüp olardan söýgi güldesselerini ýasamalysyň. Ýollaryň harap bolmagy, köprüleriň geçilmez ýagdaýa getirilmegi barada gürrüň etmeli dälsiň.

Hakyň hemişe açyk gapysyna ýönel we ýalňyşlyga ýol berme.

Özüňi başgalaryň hatalarynyň hasapçysy ýaly görüp, onuň-munuň ýalňyşlaryny sanama! Ýalňyşlar bilen gyzyklanmak göwnüňe ýaraýan bolsa, bu güýmenjäňi öz nogsanlaryňa garşy ulan!

Baran ýeriňe müşki-anbar ysly güller ýaly bar!

Şemler ýaly ýan, ere, başgalaryň ýoluny ýagtylt, emma hiç haçan bu janypkeşligiňi öz şahsy bähbitleriňe ulanma!

Eý nebis! Eger ýüregiň bar bolsa, içiňdäki duşmanlygyň ýüzüne tüýkür!

Wepasyzlygy gapyňdan kow! Zulmy aýaklaryň astyna al, mynjyrat!

Islegleriň we höwesiň ugrunda däl, hemişe oňatlyklaryň ugrunda bolmaga çalyş!

Allanyň hemişe seni görýändigini ýatla we ruhuňa nätanyş we kalbyňa ezýet edýän näçe günä we ýalňyş bar bolsa ýele sowur!

Başgalara rahatlyk paýla!

Dertleri diňle, dert çek, iňle, ýöne hemmä derman bolmaga çalyş!

Ähli ynsanlara gujagyňy aç, goý, öýke-kine bilen doňan nebisler seniň mähriňe ýylasyn!

Bir yanıt yazın