You are currently viewing Kitabyň çagyryşyna seslenmek

Kitabyň çagyryşyna seslenmek

Kitap – paýhas bossanyn­dan ýygylan bir desse gül, düýn bilen ertir arasynda ençeme öw­rümli kötel ýoluň ýolag­çysy bolan ynsanyň elin­de ýagtylyk saçýan çyragdyr.

Ynsanyň yşgy – söýgüsi kitap… Kitapsyz ýaşaýyş we kitapsyz ynsan topraga düşmedik tohum kibidir. Kitabyň şypaly yklymyndan uzaklaşan diýarlar öli ýerlerdir. Kitapdan üzňeleşen dünýä, az­gyn pikirleriň gysajynda dow­zahy nazarlap barýar diýmek­dir…

Kitap belent wadalar bilen ynsanlary özüne çagyrýar. Ynsanlaryň gollaryndan tutup, olary bagtyýarlyk ülkesine tarap ganatlandyrýar.

Bu gün goja Zeminiň umumy adamzat gymmatlyklarynyň esasynda täzeden şekillenmegi ynsanlaryň täzeden KITABYŇ ÇAGYRYŞYNA jogap bermek­le­rine, täzeden bu ummanyň ke­na­ryna dolanmaklaryna bagly. Şonda ynsan  nadanlygyň-ja­ha­latyň tününi syryp, zulmuň soňuna çykyp biler; şonda bir şahsyň, toparyň ýa-da milletiň bähbidi üçin ýüzläp-müňläp maşgala ojaklary ýumrulmaz, ýar-ýardan, ata-ene perzent­le­rinden jyda düşmez; şonda aň-düşünjäniň, birek-birege hor­matyň, hoşniýetliligiň tugy parahat asmanda buýsanç bilen pasyrdar…

Geliň bu çagyryşa seslene­liň! “Kitabyň çagyryşyna” uzadalyň elimizi…

Zamanamyz kitap bilen joşsun… biz hem kitap bilen joşan zaman bilen joşalyň.

“Başarmarys!” diýmäliň. Kitap bilen dost bolmaga täze­den synanyşalyň. Ilki bilen oňa ýakynlaşalyň, oňa eltýän ýol­daky ähli päsgelçilikleri mertlik we dözümlilik bilen birin-birin aşalyň. Onuň ýylysyny, mäh­rini gözläp tapalyň. Ynha görer­siňiz, onuň mähri ähli buzy-gary eredip biljek güýje eýedir.

books filed neatly on shelves

Bir yanıt yazın