You are currently viewing Diňe bir aşgazana däl, ähli duýgulara we beden agzalaryna oraza tutdurmaly

Diňe bir aşgazana däl, ähli duýgulara we beden agzalaryna oraza tutdurmaly

Ynsan agzy bekli wagty bedeniň islendik islegdir meýillerini çäklendirip biler. Oraza tutan adam başbermezek nebsini jylawlap, ony Hak tagalanyň öňünde emre tabyn hala getirýär. Oraza tutan her kişi wyždanynda özleriniň, oraza tutmadyk günlerine garanyňda, has melekleşendigini – perişdeleşendigini duýýar.

Orazanyň ynsan durmuşyna we jemgyýetçilik durmuşyna birgiden oňyn täsiri bar.  Allahyň razylygyny gazanmak maksady bilen agyz beklemegiň bedene dynç bermek we hassalyklara garşy goranmak ýaly peýdalary bilen bir sanda, onuň iň esasy gazandyrjak zady, ynsanda ruhy öwrülişikleriň bolup geçmegidir. Ynha şol öwrülişiklerden birnäçesi:

  1. Oraza tutan adamyň Allahyň razylygyny gazanmak üçin agyz beklemäge eden niýetiniň Gün batýança dowam edýändigi üçin tutuş gündiziň dowamyndaky her sagady, her sekundy gadyrlydyr, bereketlidir. Gijesi-de ertirki ybadatlar we ertirki Günüň orazasyna niýet bilen bezelýändigi üçin aýratyn gymmatlydyr.
  2. Oraza tutan adam ertirden agşama çenli iýip-içmezlik, jynsy arzuwlaryny çäklendirmek, gybat we zulumdan daşda durmak bilen göýä perişdeler mysaly durmuş ýaşaýar. Munuň tebigy netijesinde-de, jemgyýetdäki bidüzginçilikler azalýar, ahlak derejesi ýokarlanýar.
  3. Dürli naz-nygmatlar içinde ýüzýän ynsan, agyz beklemek bilen olaryň gadyryna düşünýär, şükrüni berjaý etmäge çalyşýar.
  4. Oraza ynsana tygşytly ýaşamagy öwredýär. Islän zadyny, aklyna öwsüşi ýaly, haram-halal parh goýmazdan, dogry-ýalňyş saýgarmazdan etmäge öwrenen kişi orazaly wagty, mejbury ýagdaýda olary etmez.
  5. Ruhy taýdan beýgelmek isleýänler hökmany ýagdaýda oraza tutmaly. Has başgaça aýdanyňda, oraza tutmaýanlar jesetleriniň – fiziki bedenleriniň astynda ýegşerip ýaşarlar.
  6. Nebsiň agyzdyryklanmagy, çäklendirilmegi nukdaýnazaryndan orazanyň ähmiýeti has hem uludyr. Adamyň özüne erk etmegi öwrenmeginde orazanyň aýratyn orny bardyr.
  7. Oraza diňe bir aşgazany aç goýmak däl, eýsem ähli duýgulara; beden agzalarymyza – göze, gulaga, kalba, hyýala we ş.m. – da oraza tutdurmak, olary haramlardan daşda tutmak we her birini özüne mahsus ybadata ugrukdyrmakdyr. Şeýle niýet bilen oraza tutan adam hemişe halal ýaşar.
  8. Oraza amanata (gizli ýa-da äşgär – tapawudy ýok) eýe çykmagy-da öwredýär. Çünki, ynsany Allahyň halal kylan nygmatlaryndan iýip-içmekden saklajak Onuň özünden başga gözegçi ýokdur. Oraza tutan adam, ertirden agşama Allahyň parz kylan amanatyna eýe çykdygy bolar.
  9. Oraza wepa duýgusyna ýugrulan ajaýyp ybadatdyr. Çünki, oraza niýet etmek – guluň Allaha söz bermegidir. Orazaly adam belli wagta çenli nebsine hoş ýakýan zatlardan ýüz öwürýär, şeýle etmek bilen-de, Rebbine beren sözüne wepasyny subut edýär.

Bir yanıt yazın