Hazirki döwürde çagalaryň has sagdyn, ylymly, bilimli, paýhasly, ukyply bolup ýetişmekleri üçin bütin dünýäde diýen ýaly örän köp meseleler seljerilýär we bulary durmuşa geçirmek üçin ylmy adamlar tarapyndan birnäçe maslahatlar berilýar. Biz hem bu gün çagalaryň aň-düşünje ukyplarynyň esasy görnüşlerini ösdürmegiň ýollaryna seredeliň.
Çagalarda akyl ýetirme ukyby diňe IQ testine bagly bolman, eýsem olarda aň-düşünje ukyplarynyň başga-da birnaçe görnüşleri bardyr. Eger, çagalara şol ukuplaryna görä çemeleşilse olaryň has hem üstünlükli bolmaklarynyň öňüni açarys. Ol ukyplar esasan aşakdaky ýaly bölünýär.
Beden taýdan ukyplylyk
Beden taýdan güýçli bolan çagalar esasan sport we fizýalogiki hereketleri edip bilme ukyplary has güýçli bolup, esasan sportçy, aktýor we tansçy bolmaga ukyplary has ýokary bolýandyr.
Görüp biliş ukuby
Görüp biliş ukyby güýçli bolan çagalar esasan surat çekmek, heýkel ýasamak, figuralar bilen işläp bilmek ukyplary ýokary bolup, esasan gören wakalaryny jikme-jik ýatlarynda saklap bilýärler. Bular ýaly çagalar köplenç heýkeltaraş, arhitekter, hudojnik bolýar.
Logiki we matematiki ukyplylyk
Logiki we matimatiki ukyby güýçli bolan çagalar esasan gaty synçy bolup, köp sorag soraýalar we bilesigeliji bolýarlar. Meselere eglenmän akyl ýetirip bilýärler. Matematiki ukyby ýokary bolan çagalar köplenç matematik ýada fizik bolýar.
Saz ukyby
Saz zehini güýçli bolan çagalar esasan duýgy akymlary tapawutly bolup, olaryň ses tonlary üýtgeşik we ýakymly bolýandyr. Bular ýaly çagalaryň ünslerini esasan saz gurallary çekýär we gözöňöne getirme başarnyklary has giňiş bolýar.
Lingwistik ukuby
Lingwistik ukyby güçli bolan çagalar esasan dile çeper bolup, ýatlary has güýçli bolýandyr. Bular esasan edebiýatçy, terjimeçi, taryhçy bolýarlar.
Egsiztensionalny (ýaşaýyş ukuply)
Barboluş we ýaşaýyş ukyby güýçli bolan çagalar köplenç ýagdaýlarda ýeke oýnaýar we ýeke galmakdan gorkmaýarlar. Olaryň esasan özüne bolan ynamlary gaty ýokary bolup, öz diýenli bolýarlar. Bular ýaly çagalar ähli temalarda örän başarnykly bolýarlar.
Adamlar bilen gatnaşyk ukyby
Adamlar bilen gatnaşyk ukyby bolan çagalar esasan şahandaz, ugurtapyjy, her bir meselede umumy dili döredip bilýän we çözgüt tapyjy bolýarlar. Bular köplenç diplamat, başlyk, telekeçi bolýar.
Naturalistik ukyby
Naturalistik ukyby bolan çagalar esasan tebigaty we haýwanlary has gowy görýärler. Olar gaty ýuwaş we ähli temada ýeterlik ukyplary bolýar.
Çagalaryň aň-düşünje ukyplarynyň esasy görnüşleri ýokardaky görkezilişi ýaly bolup, ene-atalar çagalary okuwa başlaýançalar nämä has ukyplydyklaryny anyklamalydyrlar. Sebabi çaga öz ukybyna görä ýol saýlasa üstünliklerden üstünliklere ýeter.