You are currently viewing Maşgalada nesliň dowam etmegi

Maşgalada nesliň dowam etmegi

Maşgalada çaganyň dogulmagy şol öýe bagt getirýär.Ýaş çatynjalaryň çaga ýüzleriniň düşmegi bilen täze durmuş başlanýar, ýagny ýigit kaka, gelin eje diýen belent ada eýe bolýar. Indi olaryň maşgaladaky jogapkärçilikleri has-da artýar. Dünýä inen çaga ýaş çatynjalaryň arasyndaky kähalatda ýüze çykýan ownuk-uşak düşünişmezligi aradan aýyrýar. Çagany talabalaýyk ekläp-saklamak, terbiýelemek meselesi ene-atadan uly zähmeti, tejribäni talap edýär. Aýratyn-da, çaga terbiýesi ýaş çatynjalarda biynjalyk döredýär. Munuň bilen bagly her bir ownuk-uşak mesele her günde, her sagatda ýüze çykýar. Iň ilki bilen çaga nähili at dakmaly? Göräýmäge ýönekeý mesele ýaly. Haýsydyr bir döwrebap atlaryň birini saýlap alaýmaly. Emma bu meselä örän jogapkärli çemeleşmeli. Türkmen edep kadalaryna laýyklykda doglan çaga üç günüň içinde at dakmaly. Dakylan at hem döwrebap bolmaly, hem şol at çaganyň ýeke-täkady bolup, bütin ömrüniň dowamynda ýöremeli. Käbir hojalykda adamyň resmi ady, ýagny resminamadaky ady hemde ýörgünli ady (öýde, köçede tutulýan ady) bolýar. Ene-ataçaga hemme ýerde diňe resmi ady ýörär ýaly at dakmaly.

Käwagt çaga döwrebap at goýjak bolup ýalňyşýarlar. Öz döwründe Komsomol, German ýaly dakylan atlar häzir örängeň bolup eşidilýär. 60–70 ýaşdan geçen adamlara Komsomol aga, Gahryman aga diýip ýüzlenmek töweregindäkiler üçin kyn düşýär. Şol adyň eýeleri bolsa her gezek özlerine ýüzlenenlerinde ýüzleri gyzarýar. Käbir ene-ata çagalaryna goşma atlar dakýarlar. Elbetde, salyhatly eşidilýär, ýöne deň-duşlarynyň arasynda onuň ady gysgaldylyp tutulýar. Muhammetmyrat, Mämmetdurdy ýaly atlaryň diňe bir bölegi, ýagny Muhammet, Mämmet ýaly bölegi ýörgünli bolup galýar. Garaz, özüne ata-ene tarapyndan dakylan at üçinçaga ýaşlykda-da, ýaşy birçene baranda-da utanmaly däldir. Çaga terbiýe bermek meselesi has kyn meseleleriň biridir.Terbiýe meselesinde belli bir galypa salnan ülňi ýok. Her bir çaganyň ýüregine barýan ýoly saýlamak, ony dogryýola ugrukdyrmak ene-atadan ussatlygy talap edýär. Terbiýe meselesinde hiç bir ownuk zat ýok. Çagany näçegowy görseň-de, terbiýe meselesinde dözümsizlik etmeli däl. Ata-babalarymyz tarapyndan döredilen «Çagany gowy gör,emma özüne bildirme», «Çaga eziz, edebi ondanam eziz»diýen nakyllar durmuşyň, ençe asyrlaryň synagyndan geçenaýtgylardyr. Çagany terbiýelemäge ertir başlaryn, birigün başlaryndiýlen geleňsizlik etmeli däl. Ony näçe ir başlasaň, şonça‑da netijesini ir görersiň. Bir gelin obadaky dana ýaşulynyňýanyna baryp: «Atam, ýaş çagam bar. Men oňa haçan terbiýe berip başlamaly» diýýär. Onda dana: «Çagaňyz haçan doguldy?» diýip soraýar. Gelin: «Doglanyna dört aýboldy» diýýär. Onda dana: «Onda, gelin, dört aý hem gijä galypsyňyz, terbiýä dört aý mundan öň başlamaly eken» diýip jogap berýär. Umuman, çaga nähili terbiýe berseň, görüm-göreldegörkezseň, olardan hem şony görersiň. Meşhur rus pedagogy A. S. Makarenko «Çaga şu günki beren nädogry terbiýämiz ertirki ahy-nalamyzdyr, gözýaşymyzdyr» diýip, örän jaýdarbelleýär. Türkmen halkynda hem «Ekeniňi orarsyň» diýen gyzyla gaplaýmaly nakyl bar ahyry. Döwletimiz tarapyndan köpçagaly maşgalalara aýratynüns berilýär. Çagalaryň sagdyn ösmegi, olaryň döwrebap bilim-terbiýe almagy, olara berilýän kömek pullaryň ýylyň‑ýylyna artdyrylmagy, köpçagaly enelere sylag-serpaý ýapylmagy ýurdumyzda sagdyn, agzybir maşgalalaryň sanynyň gün-günden artmagyna getirýär. Aslynda-da türkmen halky sagdyn maşgalany gurmagy, nesil öndürmegi parz hasaplapdyr.

Geçen asyryň ortalarynda zehinli türkmen ýazyjysy Aman Kekilow özüniň meşhur «Söýgi»romanynyňbaşky nusgasynda Begenjiň urşa gidip, ýaraly gelşi we synasynda galan okuň bölegi zerarly aradan çykyşy, maşgalada Ogulnabadyň ýekeje ogly Öwezjik bilen ýalňyz galşy bilen tamamlaýar. Bu eser goşgy bilen ýazylan uly göwrümli eser – roman bolansoň, öz wagtynda jemgyýetçilikde uly gyzyklanma döredipdir. Awtora gaty kän hatlar gelýär. Talapkär okyjylar eseriň tamamlanyşy bilen kanagatlanmaýarlar. Edebiýatçy alymlar, jemgyýetçilik işgärleri awtora eseri dowam etdirip, täzeden işlemegi maslahat berýärler. Ýazyjy esere täze – üçünji gahrymany – Akmyrady girizýär. Wakalaryň soňky gidişinde Akmyrat bilen Ogulnabat durmuş gurýarlar. Näme üçin ýazyjy beýle öwrüm edýär? Türkmen durmuşynda boý ýigit bilen dul gelniň durmuş gurmagy oňlanylmaýanadat ahyryn! Indi şol döwrüň durmuş ýagdaýyna syn edeliň. Beýik Watançylyk urşunyň yz ýanlary. Urşa gidip, şol ýerde galan müňlerçe ýigitleriň ýalňyz galan maşgalalary, ýetim galan çagalaryň, dul galan gelinleriň ykbaly nähili bolmaly!? Ine, ýazyjynyň şol gelinleriň ojagynyň ýylysyny gaýtaryp getirmek üçin, olaryň täzeden durmuş gurmaklaryny, nesil öndürmeklerini, adam sany seýpellän ilatyň üstüni dolmagy salgy berýän maslahaty, öwüt‑ündewi şeýle bolup çykýar. Eseriň baş gahrymany Ogulnabat örän asylly, päkize gelin. Ol ilki Akmyrat bilen durmuş gurmaga kes-kelläm garşy çykýar. Eserde Ogulnabadyň Begenjiň ruhunyň öňünde çekýän jebri-jepasy, töweregindäkileriň töwellasy örän ynandyryjy suratlandyrylýar. Eseriň ahyrynda maşgala ojagy dikeldilýär. Ýazyjy Ogulnabadyň Akmyrat bilen täzeden durmuş gurmagyny örän ussatlyk bilen beýan edýär. Bu eser ýüzlerçe ýetim galan maşgalalaryň täzeden dikelmegine sebäp bolýar. Türkmenlerde maşgalada atadan gaýdýan nesliň atlary şeýle tutulýar: Ogul, agtyk, çowluk, ýuwluk, gowluk, geňlik, taňlyk. Şeýle-de öz perzentleriňe garyndaşlyk aňladýan «dogan,doganoglan, dolanan, babadaş, garyndaş, obadaş, il biri» diýen sözleriň manysyny hem-de şol sözlere degişi garyndaşlaryňy öwretmek hem milli medeniýetlikden nyşandyr.

Maşgalada «Maşgala kitabyny» döretmek, ýagny aslyňy – ýedi arkaňy tanamak däbi ýola goýulsa, geljekde aga-ini, daýy-daýza, dogan-doganoglan, çykandyr ýegen ýaly gatnaşyklaryň dowam etmegine, olaryň has-da ysnyşmagyna ýardam eder. Aňyrsy bir maşgaladan gaýdan dogan-garyndaşlaryň şejeresiniň ýöredilmegi ýaşlaryň öten‑geçen garyndaşlaryny tanamaga, olaryň sarpasyny saklamaga, galyberse-de, halkyň, tiräniň, taýpanyň taryhyny, etnografiýasyny öwrenmekde gymmatly maglumat bolup hyzmat etjegi şübhesizdir. Türkmen halkynda «Bu günki çaga ertir aga» diýen nakyla laýyklykda maşgaladaky ýaş çaga birnäçe ýyldan soň uly adam çykýar. Türkmeniň gadymdan gelýän adamkqrcilik duýgularyna ýugrulan edim-gylymlaryny, däp‑dessurlaryny öwretmek ata-enäniň mukaddes borjy bolup durýar.

Çeşme: Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan taýýarlanan, 11-nji synplar üçin “Özüňi alyp barmagyň medeniýeti” dersi boýunça okuw kitaby

Bir yanıt yazın