You are currently viewing ÝETGINJEK ÇAGALARYŇ TERBIÝESI ÜÇIN PSIHOLOGLARYŇ ENE-ATALARA MASLAHATLARY

ÝETGINJEK ÇAGALARYŇ TERBIÝESI ÜÇIN PSIHOLOGLARYŇ ENE-ATALARA MASLAHATLARY

  1. Ilki bilen her bir çaganyň ýetginjek döwründe has köp üns we goldaw gerek. Sebäbi bu döwürde çaganyň “men” merkezli duýgusy aktiw herekete geçip, garmonlarynyň üýtgeşme geçirýän döwrüdir. Ene-atalar bu döwürde özlerini juda oýlanşykly alyp barmaly. Çaga bilen diňe umumy maşgala gatnaşygy bilen çäklenmän, olar bilen ikiçäk gatnaşyklary hem ösdürmelidirler. Çaganyň ynamyny gazanmalydyrlar.
  2. Hossarlar çagany diňlemeli, düşünjek bolmaly we duýgularyna duýgudaşlyk bildirmelidirler. Sazlaşykly we birek-birege hormat goýmagy ýola goýmaly.
  3. Hossarlar diňe öz çagalary bilen däl-de eýsem beýleki maşgala agzalary we daş töweregindaki adamlar bilen hem söýgi, hormat gatnaşyklaryny ugrukdyrmalydyrlar. Çagalaryna gowy görýändiklerini wagtal-wagtal aýdyp durmalydyrlar.
  4. Eden işini boýun almak ýa-da ýalňyşyny kabul etmegi öwretmelidirler. Bu bolsa çagada ýalan gürlemezlik häsiýetini ösdürýär.
  5. Çaga bolan ynamyňyzy boldugynda görkezmäge çalyşyň. Bu siziň çagaňyzyň gelejege bolan gaýgylaryndan we gorkularyndan gorap saklar.
  6. Maşgalada ene-ata ýol görkeziji ýolbaşçy ýaly bolmalydyrlar.
  7. Ene-atalaryň aýratynlykda, hersi şahsy göreldeli bolmaly. Çagalaryny diňlemän köteklemeli däldirler.
  8. Çagalaryňyzyň okuwlarynda hyzmatdaşlygy saklap, mugallymlar bilen gatnaşyklaryňyzy berk tutuň.
  9. Çagaňyzyň kimiň bilen dost bolýanyny, kimler bilen gatnaşyk saklaýanyna üns bermeli. Bu bolsa çagada dogry pikirli we terbiýe gören adamlar bilen gatnaşykda bolmagyna sebäp bolar.
  10. Eger çaga bardy-geldi sizi kyn ýagdaýa düşürse olara garşy sabyrly, ünsli boluň we özüňizi paýhasly alyp baryň.

Bir yanıt yazın