You are currently viewing Çagalara Kitaby söýdirmegiň tilsimleri

Çagalara Kitaby söýdirmegiň tilsimleri

Ine siziň üçin ädim-ädim çagalaryňyzyň kitaplara bolan ünüslerini we gyzyklaryny ýokarlandyrmagyň iň ýönekeý, emma ýaramly tilsimleri.

1. Çagalaryňyza ýygy ýygydan kitap sowgat ediň.

2. Çagalaryňyz bilen çägiňizde geçirilýän kitap sergilerine birlikde gezmäge gidiň.

3. Olaryň öz otaglarynda şahsy kitaphanalaryny döretmekleri üçin ýörite ýer bölüp beriň.

4. Hepdäniň belli günleri olaryň okan kitaplarynyň mazmunlaryny soraň.

5. Eger mümkinçiligiňiz bar bolsa Kinder, Nook we Jetbook ýaly döwrebap akylly kitap okyjylaryny satyn alyp beriň we okamak höweslerini ýokarlandyryň.

6. Kitap okamak bir ynsanyň bilim hazynasyny doldurar, okanlaryny gürrüň bermek bilen durmuşa taýynlanar we ýazmak arkaly bolsa has hem kämilleşer. Şeýle bolsa, çagalaryňyzyň okanlaryndan düşünen ýerlerini ýada bolsa täze pikirlerini ýazmaklary talap ediň.

7. Ene-ata hökmünde, tejribäňiz boldugyndan we çagaňyzyň ýaşyna görä, siziň garşyňyzda öz sözleri bilen beýan edip biljek temalaryndan gürrüň açyň. Beýle etmek bilen siz olaryň köpçüligiň öňünde islendik temada öz pikirlerini beýan etmek ukybyna kömek edersiňiz.

8. Başararmysyňyz? Elbetde başararyn diýseňiz çagalaryňyz bilen öýde maşgala bolup ”KITAP OKAMAK SAGADYNY” planlaşdyryň. Eýsem her günmi? Ýok. Üstesinden gelip biljek wagt çäklerini öňünden belleşiň.

 

 

 

Bir yanıt yazın