- Beloklar: et, guş eti, kösükliler, balyk, ýumurtga, nohut, noýba, peýnir, süýt, dorog ýaly önümleriň düzüminde ýeterlik mukdarda bolýar. Beloklar çaga bedeninde täze öýjükleriň emele gelmegini üpjün edýär.
- Uglewodlar: dänelileriň, ýer almasynyň, mekgejöweniň, çöregiň, şekeriň düzüminde bolup, bedeniň madda çalyşygyna gatnaşýar, beloklaryň, ýaglaryň has gowy özleşdirilmegine täsir edýär. (Ýöne uglewodly önümleriň gereginden artyk bermekden saklanyň.)
- Ýaglar: iýmit ýaglaryň, ösümlik ýaglaryň düzüminde bolýar we beden öýjükleriniň diwarlarynyň düzümine girýär. Şeýle hem ýaglar bedeniň gündeki talap edýän kaloriýalarynyň köp bölegini üpjün edýär. Mundan başga-da ýaglaryň düzüminde A, D, E, K witaminleri hem bardyr.
- Witaminler:
- A witamini bagyr, käşir, badat, gök otlar, margarin, mesge ýagy ýaly önümleriň düzümine girýär. Bu witamin deri, nemli bardanyň öýjükleri, göreçler üçin örän ähmiýetli bolup, dürli ýokançlyklara garşy durnuklylygy güýçlendirýär.
- C witamini sitrus ösümlikleriň, itburnuň, ýer tudanasynyň, kiwiniň we beýleki ir-iýmişleriň düzümine girýär. Bu witamin immunitetiň ýokarlanmagy, bedendäki biohimiki prosessleriň amala aşyrylmagy üçin zerurdyr. Ganazlygyň öňüni almakda-da C witaminiň ornuny tutup biljek zat ýokdur, sebäbi ol demriň bedende özleşdirilmegini üpjün edýär.
- B toparyna degişli witaminler çaganyň işdäsini açýar, kaloriýalary, uglewodlary özleşdirmäge kömek edýär, göreji goraýar. Bu witaminler ýagsyz etiň, hozlaryň, dänelileriň, bagryň, süýdüň, gatygyň we beýleki önümleriň düzümine girýär.
Niasin bagyr, guş eti, arahis, däneliler ýaly önümleriň düzümine girýär we ýag öýjüklerini emele getirýär, iýmitiň siňmegine ýardam berýär.
Kalsiý süýt we süýt önümleri, balyk ýaly önümleriň düzümine girýär. Ol süňkleriň we dişleriň berk bolmagyna, ganyň lagtalanma ukybynyň artmagyna ýardam berýär.
Demir etiň, bagryň, kösüklileriň, garalynyň, almanyň, naryň we beýleki gök önümleriň düzümine girýär. Demir gemoglobiniň esasy bölegidir. Ol öýjükleri kislorod bilen üpjün edýär we kömürturşy gazyň bedenden çykmagyna ýardam berýär. Immunutetiň ýokarlanmagy üçin hem demir zerurdyr.
Çagany günüň dowamynda 4 gezek naharlamalydyr. Her gün ertirlik bilen başlamalydyr. Ertirligiň ýokumlylygy 25%, gunortanlygyň ýokumlylygy 30%, öýlänligiňki-20% we agşamlyk naharyň ýokumlylygy 25% bolmalydyr. Çagalara ertirlik naharyny zor bilen iýdirmeli däldir. Käbir ene- atalar işe gitmezden öň zor bilen diýen ýaly çagasyny naharlaýar. Bu hem dogry däldir. Aşgazan fermentleri işjeň bölünip çykmaýanlygy üçin çaga ertirlik iýmek islemeýär. Şonuň üçin çaga irden turup, biraz oýnasa, gezelenç etse, ol ajygyp başlaýar, ýakymly ysly, owadan bezelen ertirligi höwes bilen iýýär.