You are currently viewing Çaganyň beýnisi maglumatlaryň çäksiz möçberini özüne ýerleşdirip bilermi?

Çaganyň beýnisi maglumatlaryň çäksiz möçberini özüne ýerleşdirip bilermi?

«Iňlisçä, ispança, italýança, nemesçä we fransuzça düşünýän, lingwistika geniýleri hasaplanýan aga hem uýa: bäş dil, şeýle-de goşmaça «agressiw» kakanyň öz dili». Gazetde «Agressiw kaka» diýen sözbaşy astyna çap edilip, sensasiýa döreden habar ýaponiýalylaryň köpüsiniň ýadynda bolsa gerek. Makalada mugallymçylyk karýerasyny taşlan, özüni öý hojalykçy diýip yglan edip, ömrüni çagalaryny terbiýelemäge bagyşlan jenap Masao Kagata barada gürrüň berilýär.

Şol wagt onuň ogly iki ýarym ýaşynda, gyzy bolsa üç aýlyk eken. Çagalar heniz juda körpeje eken, onsoň «agressiw» kaka-terbiýeçi berk tankyt edilipdir. Bilimleriň uly toplumynyň çagalaryň nerwine ýaramaz täsirini ýetirmeginden howatyr edilýändigi aýdylypdyr.

Bu tankydyň esassyz bolanlygyna, Kagatanyň gülläp ösýän we bagtyýar maşgalasyna nazar aýlamak arkaly göz ýetirmek mümkin. Maşgalabaşynyň işini taşlap, özüni düýrmegi bilen çagalarynyň terbiýesine bagyşlamagynyň dürs ýa-da telek hereket bolanlygyny maslahatlaşyp oturmagyň hem hajaty ýok.

Wajyp bolan zat, jenap Kagatanyň ulanan bilim beriş usulynyň körpeleriň akyl-paýhas bilen bagly mümkinçiliklerini görkezýänligidir. Ynha, ol nämeleri gürrüň berýär:

«Men olara iňlisçe, italýança, nemesçe, fransuzça… gepleşik dilini şol bir wagtda diýen ýaly öwredip başladym. Radioda köplenç fransuz dili sapaklary iňlisçe düşündirilýär. Şonuň üçin hem men köp dili birden öwredilse, okadylyş usulyýetini bir bitewülige birleşdirmek mümkin bolar diýen karara geldim. Edil şol döwürde çagalarym pianinoda saz çalmagy öwrenýärdiler, olaryň ulanýan notalaryndaky düşündirişler bolsa italýançady, terjimesi — bolsa iňlis, nemes we fransuz dillerinde. Eger olar düşündirişlerden baş çykarmasalar, sazy nähili çalmalydygyny bilenokdylar. Bu olara dilleri öwredip başlamagymyň sebäpleriniň biri boldy. Menden köplenç çagalaryň bäş dili birden öwrenmek bilen, bulary garjaşdyryp-garjaşdyrmandyklary barada soraýardylar. Meniň pikirimçe, garjaşdyrma bolmandy: olar dilleri dürs ulanýardylar ahbetin. Biz daşary ýurt dilleri bilen diňe radio boýunça meşgullanýardyk. Bu radiogepleşikleri örän mylakatly diktorlar alyp barýardylar. Sözleriň aýdylyşy boýunça diliňi uýgunlaşdyrmak usulyýete mahsus halda dowamly gaýtalanýardy. Netijede, çagalaryň özleri gürläp başlansoňlar olar hemmesini dürs aýdýarlar» («Irki ösüş», 1970-nji ýylyň maýy).

Şeýlelikde, çaga beýnisiniň maglumaty özüne siňdirip almak ukyby, ulularyňka garanyňda, has ýokary diýip çaklap bolar. Ony «aşa düşürmekden» ýa-da öte hyjuwlandyrmakdan gorkmak gerek däl: çaga beýnisi edil sorguç (gubka) ýaly, bilimleri tiz özüne alýar, pürepür dolandygyny duýanda bolsa, öçýär-de, täze maglumaty kabul etmegini togtadýar. Bizi çaga aşa köp maglumat berýänligimiz däl-de, çaganyň doly derejede ösüp kämilleşmegi üçin zerur bolanyndan köplenç öte az maglumat berýänligimiz alada goýmalydyr.

Bir yanıt yazın