Men irki ösüşi täze doglan balanyň bolup biläýjek derejedäki ägirt uly mümkinçilikleri bilen bagly hasaplaýaryn. Elbetde, täze dünýä inen ynsan perzendi juda ejizje bolýar, emma hut ejiz haldalygy üçin hem, onuň bolup biläýjek mümkinçilikleri şeýle uly derejede bolýar.
Beýleki janly-jandarlaryň perzentlerine garanyňda, adam çagasy ösüş babatda has pes halda dünýä inýär: ol diňe aglamagy hem süýt emmegi başarýar. Emma haýwanlaryň, meselem, itleriň, maýmynlaryň ýa-da ýabylaryň täze doglan körpejeleri welin süýşeneklemegi, çytraşmagy ýa-da hatda bada-bat aýak üstüne galyp, ýöremegi hem başarýarlar.
Zoologlar täze dünýä inen çaganayň haýwanlaryň ýaňy doglan körpelerinden 10-11 aý yza galýanlygyny aýdýarlar, munuň sebäpleriniň biri hem — ýöräninde adamyň süňňüni tutuş ýagdaýydyr. Adam wertikal ýagdaýa geçeninden soň, düwünçek eýýäm enäniň rehminde doly kämilleşýänçä saklanyp biljek däldi, şonuň üçin hem çaga bütinleý ejizje halda dünýä inýär. ol bedeninden peýdalanmagy-da doglanyndan soň öwrenmeli bolýar.
Edil şonuň ýaly-da ol beýnini peýdalanmagy hem öwrenýär. Islendik bir haýwan balasynyň beýnisi doglan pursadynda doly derejede diýen ýaly kemala gelen ýagdaýynda bolýan hem bolsa, täze dünýä inen çaganyň beýnisi arassa kagyz sahypasy ýaly haldadyr. Çaganyň näderejede zehinli boljaklygy şol kagyz sahypasynda näme ýazyljaklygyna bagly bolýar.