“Maňa Hakdan nida geldi,
Gel, eý aşyk, ki mähremsiň,
Bu ýer mährem dergähidir,
Seni ähdi-wepa gördüm”
Nesimi.
Hak rehmetine gowşanlaryň ählisiniň depderleri wepa bilen möhürlendi. Ähli ýolda galanlaryň, ýoluny urduranlaryň depderine bolsa, biwepalyk tagmasy goýuldy. Hawa, Hakyň, halkyň, dostlarynyň öňündäki jogapkärçiliklerini iki ädim ileri äkidip bilmän, biwepalyk edip, olary ýarpy ýolda terk edenleriň depderine şol gara tagma basyldy.
Wepasyzlaryň biwepalygy zerarly geçmişden bu güne näçe juwanmertlikler ýag ýaly eredi, gülleriň ýerini tikenler aldy; näçe gezek asuda asmanlary zulmat bulutlary gaplady we näçe gezek “Bag ýandy, bagban öldi”, “Petek dargady, bal bozuldy” diýleni boldy. Ýalan we töhmetiň ýesiri, her gün birnäçe gezek antyny bozýan, “şertim şahyma” diýýänleriň biwepalygy zerarly näçe halkyň, näçe maşgalanyň, näçe ynsanyň durmuşyna awy gatyldy.
Ah, wepa, nirde galdyň?! Irdik her gün birnäçe gezek şertini bozup, ähdinden dönenlerden! Her sözi ýalan, her hereketi ýasama namartlardan we wepa duýgusyndan mahrum guraksy köňüllerden! Eý, beren sözünde durmak üçin duşuşyk ýerinde birnäçe günläp garaşan wepaly dostlar! Nirdesiňiz, wepa nemunasy mert ogly merdanalar! Geliň, giriň ruhlarymyza. Mertligi, birsözlüligi unudan kalplarda wepa duýgusyny oýaryň!
Nähili kyn ýagdaýa düşse-de, agyr şertlere duçar bolsa-da aşygyň magşugyndan ýüz öwürmezligi; ömrüni bir maksada, bir ýola bagyşlan adamyň tutan maksadyna, saýlan ýoluna sadyk galmagydyr – wepa. Bu ugurda her dürli ezýet we jepa döz gelmegi we her dürli kynçylyga kükrek germegidir.
Sözlüklerde wepa sözüne “Sözde durmak, söýgi we dostlugy her ýagdaýda-da dowam etdirmek” diýlip düşündiriş berilýär. Wepa ynsanlary jebisleşdirýän, birek-birege mäkäm baglaýan beýik duýgynyň adydyr. Adamlaryň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrýan, dostlugy iň ýokary derejä çykarýan gymmatlyk, syrly bir magnit…