Şugünlerde adamlaryň hal-ýagdaýlaryna we hereketlerine seredenimizde olaryň ruhy tarapdan ejir çekýändigini hatda has hem beterleşýändigini aýdyp bileris. Soňky ýyllarda depresiýa garşy ulanylýan derman serişdeleriniň has köp ulanylmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Diýmek adamlaryň aglabasy depresiýaly we gaýgy-aladaly durmuşda ýaşaýar. Daşyndan seredeniňde ruhy hemde beden taýdan sagdyn görünýän adamlar hem şeýle dermanlary ulanýarlar. Şol dermanlary ulanmadyk halatlarynda özlerine hemde başga adamlara zeper ýetirip bilýärler.
Gadymy döwürlerde ýaşan adamlar şugüne getirilse we olara şu döwürdäki adamlar görkezilse, bu döwüriň adamlarynyň aglabasynyň ruhy taýdan näsagdygy netijesine gelerler. Gynansakda döwrümiziň ynsanlarynyň arasynda gaty köp ruhy taýdan näsag bar. Emma adamlaryñ köpüsinde şol bir kesel bolany uçin olar bir-birleriniñ näsagdygyny bilip bilmeýärler. Edil dälihanadaky näsaglaryň özlerini sag, daşardaky adamlary däli hasaplaýyşy ýaly döwrümizdäki ynsanlar hem bir-birlerindäki näsaglyklary duýup bilmeýärler.
Bu gynandyryjy ýagdaýa sebäp bolýan birgiden faktor bar. Adamlar dowamly dartgynly ýagdaýda ýaşaýarlar. Çagalar dartgynly durmuşda dünýä inýärler. Ynsanlar dartgynly ýatyp şeýle hem oýanýarlar. Elbetde bu zatlar olaryň maşgala durmuşyna we adamlar bilen aragatnaşygyna oňaýsyz täsir edýär. Bolmajak zatlara gaharlanýar, ýönekeýje sebäpler uçin töweregindäki adamlary bynjalyk edip olaryñ göwnüne degip bilýärler. Şeýle hem başgalaryny ynjalyksyz edişleri ýaly özleri hem ynjalyksyz ýaşaýarlar. Pikirlerimizi bulaşdyrýan birgiden şer zatlar biziň düşünje atmosferamyzy hem hapalaýar. Adamlaryň pikirlerini bulaşdyrýan, dowamly erbet tarapa iterýän bu atmosferada gowy düşünjeleriň, ýumşak gylyk-häsiýetleriň, dogry pikirleriň ýüze çykmagy mümkin däldir.
Ynha munça oňaýsylyklara sebäp bolýan faktorlaryñ biri hem mediýadyr. Mediýanyñ ynsanlar arasy dartgynlygy artdyrjak habarlary ýaýmagy, töhmet we ýalan habarlar bilen adamlary birek birege duşman etmegi, halamaýan adamlaryny ýada toparlary ýalan habarlary bilen garalamagy, ynsanlaryň gizlin syrlaryny we günälerini uly ile paş etmegi, kiçeltmegi, reýting üçin käbir hakykaty mahabatlandyryp we ösdürip aýtmaklary ýaly ýalňyşlary bilen halklaryň arasynda oňaýsyz ýagdaýlara we agzalalyklara sebäp bolýar.