You are currently viewing Ýoldaky päsgelçilikler

Ýoldaky päsgelçilikler

Bir soltan şäheriň daşynda örän kaşaň köşk saldyrypdyr. Köşgüň açylyşyna ähli halk çagyrylypdyr. Şäheriň daşynda ýerleşýän köşge barýan ýekeje ýol barmyşyn. Hökümdar şol ýoluň ortasynda äpet bir daş bölegini goýdurypdyr. Özi-de ýola tarap bakdyrylyp goýlan penjiresinden gelýän adamlaryň bu daşyň deňine ýetende özlerini nähili alyp baryşlaryny synlap oturanmyş.

Ülkäniň iň baý täjirleri, iň täsirli begzadalary, döwlet emeldarlary yzly-yzyna gelip başlaýar. Ählisi-de, hernäçe kyn hem bolsa, uly daş böleginiň daşyndan aýlanyp, köşge girýär. Birnäçesi sesini gataldyp, hökümdary tankyt edýär: “birgiden salgyt ýygnaýar, ýöne, şäheriň şeýle möhüm ýoluny arassa tutmagy başarmaýar, beýle-de bir hökümdar bolarmy?!”

Ahyr soňy, agşamara bir daýhan gelýär. Harsaň daşyň deňesine ýetende bir salymlyk kürtdürip durýar. Soňra-da, arkasyndaky goşhaltasyny gapdala goýup, iki eli bilen daş bölegini ýoluň gyrasyna itmäge başlaýar. Emma daş örän uludy.

Daýhan töweregine garanjaklap, syrdam bir agaç bölegini tapýar. Şonuň bilen, gara dere batyp, ahyr soňy äpet daşy ýoluň ortasyndan aýyrmagy başarýar. Ýaňy bir goşhaltasyny alyp ugraberjek bolanda, daşyň öňki duran ýerinde bir haltajyga göze düşýär. Haltajygyň içi tylladan doly bolup, üstünde-de bir bölejik kagyz bar eken. Hökümdaryň möhri goýlan kagyzda şular ýazylypdyr:

“Bu altynlar daşy ýoldan aýran adamyňky”.

* * *

Aslyýetinde, ýolumyzdaky päsgelçiliklere durmuş derejämizi has gowulandyrjak pursatlar hökmünde garamalydyrys.

Unutmalyň, iň oňat ýolagçy, yzdan gelýänler üçin ýoldaky päsgelçilikleri aýyrýan, büdür-südürleri arçaýan kişidir.

Geliň özümize şu sowaly bereliň: “Durmuş” ýolunda ýöreýärkäk yzymyzdan gelýänler has rahat geçer ýaly ýoly päsgelçiliklerden arassalamagy başarýarysmy ýa-da päsgelçilikleriň sanyny has artdyrýarysmy?

Bir yanıt yazın