You are currently viewing ÇAGALAR BILEN ARAGATNAŞYK SAKLAMAGYÑ PSIHOLOGIKI ÝOLLARY
Photo by Victoria Borodinova on Pexels.com

ÇAGALAR BILEN ARAGATNAŞYK SAKLAMAGYÑ PSIHOLOGIKI ÝOLLARY

ÇAGALAR BILEN NÄHILI ARAGATNAŞYK SAKLAMALY?

Dünýädäki ylmy barlaglaryñ netijesine seredenimizde, örän täsin soraglaryň köpisini çagalar berýärler. Bu bolsa ene-atalar her-hili kyn ýagdaya salyp biler. Köplenç çagalar öz ýadyndaky soraglary sorap bilmän düşniksiz hereketler edip bilýärler. Şonda ene–atalar çagalarynyň soraglaryna ylaýyk jogap berip we olaryň edýän hereketlerine seredip, düşünip bilmeleri hökmanydyr. Sebäbi çagalaryň öz ene-atalary bilen aragatnaşyklarynyñ ählisi gelejekde olaryň psihologiki aň düşünjeleri üçin örän uly täsiri bardyr. Aslyna seredenimizde çagalaryň her hili sorag bermekleri olaryñ bilesigeljiligini, dünýä garaýşyny, hossarlaryna bolan ynamyny görkezyär. Şonuň üçin hossarlaryň olary diňläp, soraglaryna görä jogap berişi olara uly üns berilýändigini görkezýär. Çaga üçin dünýä bir tapmaça ýalydyr. Olar sorag soran wagty diňe daş-töweregindäki zatlardan maglumat almak bilen çäklenmän, eýsem özara gatnaşyklarynyda güýçlendiryärler.

Çagalaryň soraglaryna ene-atalary jogap beren wagty hökmany ýagdaýda özleriniň polažitel duýgylarynyda goşup jogap bermelidir. Sebäbi çagalar bilen ene atalar arasyndaky duýgy gatnaşyklarynyñ ählisi olaryň kämil psihologiki geljegi üçin möhüm rol oýnaýar.

Mundan başgada olary işjeň diňlemek gaty möhüm hasaplanýar. Ýagny çaga täsin we özüne görä hekaýadyr, aýdymlary aýdanynda, oýunlar oýnanynda we ş.m. zatlary edeninde hökmany suratda oňa üns berilip diňlenilmeli we goldanmalydyr. Bu bolsa çaganyň ylhamyny, isleg arzuwlaryny we özune bolan ynamyny artdyrýar. Sebäbi olaryň çaga dünýäsinde,hossarlary we özüne ýakyn bolan ynsanlar tarapyndan gowy görülmeklik we özlerine üns çekdirmek islegleri örän güýçli bolýar. Munuň üçin bolsa ilki bilen ene–atalaryñ özlerinde gowy ahlak düsünjeleriniň bolmasy, dünýä garaýşynyň giň bolmagy, sabyrly we ymtylyşly bolmagy hökmanydyr. Sebäbi çagalar maşgalanyň miwesi bolýar. Ýagny ähli zady ilki başdan çaga maşgaladan ögrenýär we ony özünde ornaşdyrýar. Ondan soňra bolsa daş–töweregindäki gatnaşýan adamlaryndan ögrenýär. Şol sebäpden maşgala çagalaryň gelejegi üçin ilkinji orunda durýar .

Hossarlar bilen çagalaryň gowy gatnaşykda bolmaklary üçin esasy seredimeli meseleler aşakdakylardyr.

  • Çagalaryňyza ähli ünsiňizi beriň.
  • Çaganyň aýdýan zatlaryna, göz, el, ýüz hereketlerine üns beriň. Çagalar özleriniň aýtmak islän zatlaryny hökmany ýagdaýda seredişleri, hereketleri bilen görkezerler.
  • Soraglaryna birebir jogap berjek boluň. Hemme soraglaryna taýýar we göni jogap bermäň. Olary diňläp, özleriniñ pikirlenip akylyny işletmesi we beýan etmesi üçin mümkinçilik dörediñ.
  • Olar bilen birlikde pikirlenmegi ýola goýuñ. Bu bolsa çagalarynyzyñ pikir we düşünjelerine nahili üns berýändigiñzi görkezýär.

Mundan basgada çagalar üçin maşgala gatnaşyklarynda belli bir maksatlar goýulmalydyr. Bu maksatlaryñ tertibi, aşakdaky görnüşleri öz içine alar.

  • Birinji maksat : Çagany goldamak. Çagany goldamak geljekde onuň özüne bolan ynamyny artdyrýar we ynsanlar bilen aragatnaşyklaryndada özüni dogry tanadyp bilýär.
  • Ikinçi maksat : Özara düşünüşme güýjüni artdyrmak. Bu bolsa çaganyn dünýä garayşyny, akyl we ruhy düsünje güýjüni artdyryar.
  • Üçünji maksat: Belli bir maksada gönükdürmek. Bu bolsa çagalaryn gelejekde jogapkarçilikli bolmaklaryny ögretyär.

Maşgalada ene – atalar we çagalaryň arasynda gowy psihologiki gatnasygyñ esasy çagalary diñlemekdini unutmaly däldiris.

Bir yanıt yazın