Dünýäniň aglaba böleginde nesilleriň ahlak binýadynyň sarsylyp ugran ilkinji günlerinden bäri sosiologlar, ylahyýatçylar, ahlakçylar bir tarapdan zyýanly endikleri zerarly keselhanalarda, türmelerde gül ömrüni çüýreden nesiller üçin gözýaş dökseler, beýleki tarapdan özlerine şu sowaly berýärdiler: Günäkär kim?
Hawa, kim günäkärdi?
- Gysga pursatlyk bir keýp ugruna nesliň döremegine sebäp bolan, soňra-da, ol nesliň diňe daşky keşbine ähmiýet berip, ruhy dünýäsini ünsden salan ene-atalardymy?
- Nesilleriň mähirden we ynançsyzlykdan mahrum halyna biperwaý garan jemgyýetdimi?
- Nesil maşgaladan we köçeden – jemgyýetiň içinden tapmadyk rahatlygyny we bagtyny mekdepden gözleýärkä, materialistik düşünjeler, düşnüksiz nazaryýetler, ynsanperwerligi we arkalaşygy inkär edýän bähbitçilik, egoistik ideýalar bilen ýaşlaryň aňyny bulam-bujar eden magaryf ulgamydymy?
- Ýa-da ynsany ynsan edýän erk atly gymmatlygyny ýitiren, nebsiniň arzuwlaryny jylawlamagy başarmadyk ýaşlaryň özüdimi?
Bu sowala anyk jogap tapmak kyndy. Belki bularyň biri günäkär, belki-de, hemmesidi.
“Näme üçin bu ýagdaýa düşdük?” diýip pygan edýän nesillere gol uzadyp, olary içine düşen batgalyklaryndan çekip çykarmak isleýän päk niýetli käbir adamlar, olara şeýle jogap berdi:
– Çünki, biz ýaradylyş kanunlaryna garşy geldik. Ynanmak, biz ynsan nesliniň tebigatynda bardy. Emma biz ony inkär etmäge çalyşdyk. Din düşünjesi bolmazdan hem ýaşaýşymyzy kadaly dowam edip bileris öýtdük. Diňe bedenimiziň zerurlyklaryny üpjün etmek, haram-halal tapawutlandyrmazdan keýpi-sapa sürmek bilen has bagtyýar ýaşarys diýip pikir etdik. Ähli ruhy gymmatlyklarymyzy ýok edenimizden soňra hem jemgyýet gatnaşyklarymyzy sazlaşykly dowam etdirip biljegimize ynandyk.
Bir nesil imany bolmasa-da, ahlakly we fazylatly, ynsanperwerlik düşünjelerine eýe, adamzat gymmatlyklaryna sarpaly bolup biler öýdüldi. Emma, ahlak we fazylatyň çeşmesi wyždandy. Wyždana öz hökmüni ýöretjek ýeke-täk esas bolsa, guluň ýaradany bilen – Alla bilen baglanyşygyndan ybarat bolan dindi.
Bu gün, sizi şeýle ýagdaýa salan jemgyýet nähili nesil isleýär, bilýärmiň? Ýaşlar alkogolly içgiler içsin, emma, özüni heläk etjek, lül-gammar bolup, bir ýerde ýykylyp galjak derejede däl… Haram-halal diýip tapawut goýup durmasyn, ruhy terbiýe almasyn, erkini ulanmagy öwrenmesin, emma bidüzgünçilik hem etmesin… Diňe öz şahsy bähbidiniň aladasyny etsin, emma iliň rysgalyna göz dikmesin, ogurlyk etmesin… Zenan-erkek gatnaşyklarynda edep-haýa, asyllylyk ýaly gymmatlyklaryň çägini aşsa-aşsyn, emma, binika önen çagalar, egin-eşik çalşyrýan ýaly ýanýoldaş çalyşmalar, 50-60 %-lara baryp ýeten nika bozulmalary görülmesin… Ruhy, metafiziki barlyklary inkär etsin, emma, ruh bilen gönüden-göni baglanyşykly häsiýetler bolan söýgüni, mähri, hoşniýetliligi, hormaty unutmasyn… Bir söz bilen aýdylanda, batgalykda gezsin, emma, batgalykda gömülmesin, üstüne batga syçratmasyn… bularyň ählisiniň bir arada bolmagy mümkinmidi? Diýmek, biz taryhdan sapak almagy başarmandyk.