“Gözüň nuruny Allaha gurban et!..”
Bu emir merhemetli pygamber we mähirli ata bolan Hezreti Ybrahyma gelipdi. Gören düýşünde, birnäçe ýyl öň eger ogly bolsa ony Hak ýolunda gurban etjekdigine söz berendigi ýatladylyp, şol wadasyny ýerne ýetirmegi talap edilýärdi.
“Ybrahym” pygamberiň ady “Ebun-rahym” diýen goşma sözden gelip çykyp, “örän merhemetli, mähirli, ýuka ýürekli ata” diýmegi aňladypdyr. Hak tagala hem ony: “Ybrahym, hakykatdan hem örän duýguçyl, hoşamaý, ýumşak kalply we özüni Alla bagyşlan kişi” diýip öwýär. Hawa, ynha şeýle merhemeti çäksiz, söýgüsi we mähri soňsuz, gözi ýaşly Resula “Ysmaýylyňy gurban et!…” emri gelipdi.
Ýüz ýylyň dowamynda dürli kynçylyga döz gelip, kowmuny Hakyň ýeke-täkligini ykrar etmäge çagyryp, şirk sütünlerini birin-birin ýumran nebi Rebbinden-de, özünden soňra ynsanlara ýol görkezjek haýyrly bir perzent diläpdi; dileginiň hasyl bolaryna sabyr bilen garaşypdy; ahyry garrap, saç-sakaly agaranda, Haktagala ony myradyna ýetiripdi.
Ybrahym pygamber Rebbiniň yhsany bolan bu perzende ýüz ýyl garaşypdy; ol perzent bolsa, kakasynyň hiç garaşmadyk pursaty gelip, onuň jan-jigerine, “Älemleriň serwerini” miwe berjek umyt pyntygyna öwrülipdi.
“Ybrahym! Pyçagy ogluň boýnuna dire we ony öz elleriň bilen gurban et!”
Ynha, Allanyň halyly bu permanyň täsiri bilen belki-de, ömründe ilkinji gezek gorkupdy, tisginipdi.
Haýsyny saýlarsyň, eý Ybrahym?!
Atalyk mähriňimi ýa pygamberlik jogapkärçiligiňimi? Şahsy höwesiňi, duýgularyňymy ýa aklyň görkezýän ýolunymy? Ysmaýylymy ýa Rebbiňimi?..
Saýla, eý Ybrahym!
Jigerparaňy, köňül bossanyňyň ýeke-täk gülüni, durmuşyňyň zynatyny,.. ogluňy – Ysmaýylyňy gurbanlyk goýun ýaly tut, ýere ýatyr we kes jan damaryny…
Ýüregiňi gyýýan ýagdaý, jiger-bagryňy dilim-dilim edýän pursat, gözüňi ýaşardýan sahna. Atada düýşi gürrüň berere mejal galmaýar; “Maňa seni gurban etmek buýruldy” diýmegiň hyýaly hem ony titredýär. Ogluna ýagdaýy düşündirmegi birnäçe gezek ýüregine düwýär; her gezeginde “Ysmaýyl, oglum!” diýip, söze başlaýar, bir salym durup, aňynda diýjek sözlerini jemleýär; özüni dürsäp, perzendine ýaňadan ýüzlenýär; emma, ýene-de yzyny aýdyp bilmeýär. Ahyrsoňy, ýüregini bire baglap, kalbyny mynçgylap duran sözleri jigerbendine aýdýar:
“Oglum! Düýşümde seni gurban etmekçi bolýandygymy gördüm. Seniň pikiriňçe bu nämä yşarat edýär?..”
Düşbi ogul Ysmaýyl ýagdaýa düşünýär. Hz. Ybrahymyň tukat ýüzüne mähir bilen seredýär, onuň düşen bu kyn ýagdaýyna ýüregi gyýylýar. Kakasyna teselli berip:
– Kaka jan! Sen gam çekme. Hakyň buýrugyny berjaý etmek üçin asla ikirjiňlenme. Alla tarapyndan näme emir edilen bolsa, şony et. Enşalla, meniň hem sabyrly, çydamly oguldygymy görersiň!” diýýär.
Janyny Allanyň ýolunda bermek üçin boýnuny uzadyp bilýän ýigit…
Rebbinden gelen emre tabynlygyny şeýle bir merdem aýdýar welin, göýä 12 ýaşly oglan däl-de, “örän sabyrly gahryman!.. Ýaşajyk Ysmaýyl!”
Ynha, ata-da, ogul-da Ýaradanyň emrine tabyn. Ybrahym oglunuň ýaňagyny ýere diräp ýatyrýar; çalt we gynaman kessin diýip, ilki elindäki pyçagy ýiteldýär, ony daşa çalýar. Pyçak daşy ikä bölýär…
Emma, geň galaýmaly, daşy böwsen pyçak Ysmaýylyň eýjejik bogazyna ötmeýär…
Bu pyçak kesmeýär…
Bir goýun, bir-de seda:
“Eý Ybrahym! Sen emre tabyn bolup, ony ýerne ýetirdiň, wezipäňi berjaý etdiň. Alla hem Ysmaýylyň ýerine gurban etmegiň üçin bu goýny iberdi. Ynha, Biz ýagşylary we yhsan-ählini şeýle sylaglandyrýarys!”
Hawa, Allahutagala hiç wagt hem Ysmaýyl(lar)yň janyna, gurbanlaryň ganyna mätäç bolmandy. Rahmanu-Rahym bu synagyň üsti bilen, Hezreti Ybrahym we Ysmaýylyň nusgasynda, Özüniň emirlerine baglylygyň nähili bolmalydygyny görkezipdi. Ynsanyň Rebbiniň emirlerini berjaý etmegine, Onuň razylygyny gazanmagyna hiç bir pany islegiň, höwesdir arzuwyň päsgel bermeli däldigini ýatladypdy.