You are currently viewing Ýetginjek çagalarda agresiya duýgularynyň köpelmeginiň esasy sebäpleri nämedir?

Ýetginjek çagalarda agresiya duýgularynyň köpelmeginiň esasy sebäpleri nämedir?

Çagalaryň ösüş döwürlerinde agresiýa duýgularynyň ýyl-ýyldan artýanlygyny biziň köpimiz bilýän bolsak gerek. Bu babatda birnäçe ylmy isleriň netijeleri hem şaýatlyk edýär. Esasy çagalarda agresiýa ýagny gahar – gazap duýgularynyn iň ýokary göterilýän möwsümi 11-17 yaşlary aralygyndadyr. Gyzlarda 11-14 ýaş aralygy, oglanlarda bolsa 11-16 ýaşlar aralygynda ýygy görülýändir. Bu duýgynyň köpelmeginiň esasy sebäpleri hem şu aşakdaky ýaly ýagdaýlar bilen baglanyşykly köp ýüze çykýandyr.

1. Biologiki jähtleriň we garmonlaryň ýokary derejede üýtgemegi.
2. Nusga bir adama meňzemek üçin öýkünjeň bolmalary.
3. Özleriniň goraýyş (yagny özlerini edýän pikirlerinde we işlerinde dogrulyklaryny subut etmäge synanyşmak) mehanizmalaryny amala aşyrmak üçin döwrä girmeleri.
4. Köplenç özleriniň goldaw tapma-tassyklanma islegleriň ýokary bolmagy. Esasan 11-15 ýaşlarda bu halat kän bolýar.
5. Ünsli bolmak we ünsüni jemlemek prosesiniň peselmegi.
6. Maşgaladaky we daş töwerekdäki orny.
7. Maşgalada täze çaganyň dogulmagy.
8. Hossarlary bilen özara gatnaşyklarynyň peselmegi.
9. Öz hossarlaryny başga adamlardan gabanmagy.

Şu ýokardaky ýaly ýagdaýlar bolanynda çagalarda köplenç agresýa duýgusy huşsuzja orta çykýandyr. Ene- atalar bolsa şuňa meňzeş hadysalar ýüze çykanda örän birahat bolýarlar. Beýle ýagdaýlarda çagalara dogry düşünmek, olary dogry we sagdyn pikirlenmäge gönükdürmek we goldaw bermekde esasy iş ýene çaganyň hossarlaryna düşýär. Ýagny çagalara özleri ýaly agresiw bir şekilde gaýtargy berilmegi düýbünden ýalňyşdyr. Sebäbi olaryň özüne bolan ynamlaryny sarsyp biler we psihologiki taýdan islenmeýän meseleleri ýüze çykaryp biler. Ene atalar üçin esasy berilýän maslahat: özlerini asuda alyp barmak we parahat bir şekilde asyl meseläniň nämedigini anyklamakdyr. Soňra çaganyň agresiwligi nämeden esaslanýan bolsa şoňa görä çözgüt gözlemelidirler. Çaga ilki bilen agresiw halda ýagny gaharly gazaply we durmuşdan nägile ýagdaýda hiç zadyň çözgüdini tapyp bolmajaklygyny düşündürmek hökmanydyr.

Mundan başgada bu ýaşlardaky çagalary dürli sport we sungat çäreleri (sport, tans, surat ýaly) bilen meşgullandyrmaklyk maslahat berilýandir. Çünki şuňa meňzeş çäreler çagalarda agresýa duýgularyny azaldýandyr. Eger ýenede çagalarda agresýa ýagny gaharly bolma halatlary köp gaýtalanýan bolsa hokmany suratda çaga psihologuna ýüz tutmagyňyz maslahat berilýändir. Sebäbi beýle ýagdaýyň ýygy-ýygydan we ýokary derejede gaýtalanmagy çaganyň geljekdäki durmuşy üçin howply bolup biler.

Bir yanıt yazın