Wepa dostluk yklymynda ýetişen güldür. Wepa birmeňzeş duýgulara, düşünjedir hyýallara eýe ynsanlaryň degresinde öwüsýän mylaýym ýeldir. Hawa, ol söýginiň, mähriň bagynda boý alar, öser, duşmanlyk yklymynda bolsa, solmak we çüýremek bilen bolar.
Wepany ynsanyň köňli bilen bitewileşmegi diýip kesgitleýänlerem bar. Bu kesgitleme, bärden gaýdýan hem bolsa, ýerliklidir. Dogrusy, kalby we ruhy durmuşy bolmadyklara wepadan söz açmak kyndyr. Gürlände dogry gürlemek, berlen sözlere, edilen kasamlara wepaly bolmak köňül durmuşy harap bolmadyk ynsanlara mahsus häsiýetdir. Hiledir ikiýüzlüligiň girdabyna düşenleriň, her gezek beren sözüne, eden kasamyna ters hereket edýänleriň we jogapkärçilikleriniň agyrlygyny gerdeninde, has-da möhümi, kalbynda duýmaýanlaryň köňül dünýäsiniň abatdygyna ynanmak mümkinmi? Bular ýalylardan wepa garaşmak bolsa, gaflatdan we aşa sadalykdan nyşan dälmi?
Hawa, wepasyza bil baglan, öňünde-soňunda puşmandan iki büklüm bolar. Biwepany ýoldaş edinen, ýolda galar. Wepasyzy ýolbelet saýlanyň gözi hijrandan dolar:
“Wepa garaşyp ondan
Doldy gözüm hijrandan.
Galdym ýollarda ýalňyz
Mahrum dertden-dermandan.”
Ynsan wepa duýgusy bilen ynama girer. Wepa binýadynyň üstünde gurlan maşgala ojagy sarsmaz. Millet bu duýgy bilen belentliklere göteriler. Wepanyň ýok ýerinde ne kämil şahsyýet galar, ne maşgalanyň bagtyýarlygyndan söz açyp bolar. Wepadan mahrum şahsyýetler bir-birine müňkür, wepa binýadynyň üstünde gurulmadyk maşgalalaryň her güni gowgalydyr. Biwepa ýolbaşçy öz golastyndakylaryň meselelerine biperwaýdyr.
Bir maksada ömrüňi bagyşladyňmy, biri bilen dostluk gurduňmy?.. Gerek bolsa, gypynç etmän ber janyňy ol ugurda; emma wepaňdan dänme! Çünki wepaly ynsanlar Hakyň dergähinde-de, halkyň öňünde-de hormata mynasyp bolýandyrlar.