Işewür zenan serhoş ýagdaýda maşyn sürenligi üçin ýol gözegçilik gullugy tarapyndan saklanylyp, işi suda geçirilýär.
Zenan örän ýol düzgünini bozmagyň agyr jerimesinden halas bolmak üçin örän ökde aklawçy bilen gürleşýär. Aklawçy ähli iş ussatlygyny ulanyp, işewür zenany şeýle agyr jerimäni tölemekden halas edýär.
Başyna gelen beladan sapak alyp, akyllanmadyk işewür aklanyşyny gutlamak üçin bir bara girip, serhoş bolýança içýär. Soňra bolsa, ýene serhoş ýagdaýda ruluň başyna geçýär.
Serhoş zenan iň ýokary tizlikde gidip barýarka, ýoly kesip geçip barýan birini kakyp, ony ýigrimi metr töweregi aralyga süýräp alyp gidýär. Örän agyr halda hassahana äkidilen nätanyş näçe jan edilse-de, halas bolman ölýär.
Işewür hanym türmäniň ýoluny tutandan birnäçe gün soňra, maşyny bilen kakyp ölümine sebäp bolan adamsynyň özüni serhoş halda maşyn sürenligi üçin jeza çekmekden halas eden aklawçydygyny bilip galýar.