Maşgalanyň bagtly bolmagynyň ilkinji şerti ýaş çatynjalaryň oňşukly bolmagydyr. Oňşuga bolsa şu aşakdaky şertler öz täsirini ýetirýär:
- Ýaşlaryň aň-düşünjesiniň, ileri hasaplaýan ruhy gymmatlyklarynyň birmeňzeşligi – ýaşlaryň maksady, gyzyklanmasy, pikiri bir bolmaly;
- Maşgalada aýal maşgalanyň hem erkek kişiniň tutýan ornuna, bolmaly sylag-hormatyna düşünmegiň birmeňzeş garaýşy. Eger-de är-aýalyň özüniň maşgaladaky ornuna düşünmeginde çaprazlyk dörese, olar bir-birine kabul edip bolmajak talap bildirip ugraýarlar. Bu talaplar berjaý bolmasa, dawa-jenjel döreýär. Şeýle maşgalada agzybirlik arany açmak bilen bolýar;
- Ýaşlaryň gylyk-häsiýetleriniň deň gelmegi. Geň ýeri, uzak ýaşaşyp, berk maşgala guran adamlaryň gylyk-häsiýeti düýbünden meňzeş bolman hem biler.
Diýmek, oňşukly bolmak üçin başgarak talaplar bar. Olar: öz-özüňe tankydy göz bilen garamagy başarmak, çydamlylyk, beýlekileri sylamak we olara ynam etmekdir.