Adam sözleriň üsti bilen pikirlenýär. Ol näçeräk söz bilýän bolsa, aň-düşünjesi, gözýetimi-de şonça giňeýär we akyl ýetiriş derejesi hem şoňa görä artýar. Adamyň zehinini ölçeýän iň güýçli gural onuň söz baýlygydyr. Zehin edil myşsalar ýalydyr, näçe köp hereket etdirilse, şonça güýçlenýändir. Beýniniň işjeňligini artdyrmagyň iň esasy ýoly mesele çözmek we söz ýat tutmakdyr. Zehini güýçli kişi sapaklara has çalt akyl ýetirip bilmegi üçin kitap okamalydyr.
Kitap okamak beýleki sapaklar üçinem peýdalydyr. Hususan-da, giňişleýin pikirleniş ukybyny talap edýän fizika we matematika sapaklarynda iş, güýç, energiýa ýaly temalarda pikirleniş ukyby ösen adamlar has tapawutlanýarlar.
Gynansak-da, häzirki döwürde kitap okamak endigi känbir ýaýramandyr. Töwerek-daşymyza ser salanymyzda, näçe sany maşgalada kitap okamagy söýýän we perzentlerine kitap okadýan ene-ata tapyp bolar? Dogrusuny aýtsak, adam üçin edil çörek ýaly, suw ýaly zerur bolan bir zada biperwaý garalýandygyny aýtmagymyz gerek. Ene-atalar çagalaryny mekdepde kitap okaýandyr diýip pikir edip, bu jogapkärçilikden gutulandyrys öýdýärler. Aslynda, okuwda geçilýän sapaklar bize diňe daşky sredany, jemgyýeti ýüzleý tanamaga kömek edýär. Ýeri, heý, pikir edip gördükmi? Nireden geldik? Nirä barýarys? Geçen her günümiz bizi garrylyga, garrylygam ölüme ýakynlaşdyrmaýarmy näme? Aslynda, her bir adam ölüme höküm edilen tussag dälmidir? Elbetde, bir musulman hökmünde bu soraglara dinimiziň bize öwredişi ýaly jogap berip bileris. Emmä içimizden näçämiz ynanýan dinimiz hakynda bizden soralan soraglara kanagatlanarly jogap bermegi başarýarys? Ýagny näçämiz Allanyň (jelle jelaluhu) hem-de söýgüli Pygamberimiziň (sallallahu aleýhi wessellem) aýdanlaryny düşündirmegi başarýarys? Hakykatdan-da, bir zada ynanýandygyny öňe sürýän adam, oňa näme sebäpden ynanýandygyny subut etmelidir. Sebäbi, bu zamanda musulman bolup, öz dini hakynda ýeterlik maglumata, bilime eýe bolan adamlaryň sany sähelçedir. Muny daş-töweregimize göz aýlanymyzda-da bilmek bolýar. Onuň ýaly bolsa, belli bir maksady bolan nesil dünýä akyl ýetirmek üçin sapaga nähili taýýarlanýan bolsa, ynanýan dininiň gözelliklerini aňladýan kitaplary iň bolmanda, şol derejede hökmany ýagdaýda okamalydyr. Bu hem sapaklarymyz üçin peýdaly, hem-de şeýle kitaplary okamak bilen, kalbymyzy doýurýarys.
Jemläp aýdanymyzda, biz okamaga, ylma uly ähmiýet berýän dine uýýarys. Öňünde maksady bolan her adam maddy iýmitini-de, ruhy iýmitini-de alyp bilmelidir we şeýdip güýç-kuwwat toplamalydyr. Munuň ýoly bolsa, ders kitaplarynyň ýany bilen, adamyň ruhy iýmiti bolan kitaplary okamakdyr.