British Columbia Uniwersitetinden epidemiýa keselleriniň lukmanlary we Amirikanyň Psihologiki Gurnagynyň bilelikdäki geçiren işleri çaga terbiýesine täze pikirler getirdi. Olaryň geçiren işlerine görä beýni we beýnidäki nerw aragatnaşyklary çagalyk döwrüniň ilkinji ýyllarynda ene-ata idegine görä şekillenýär. Hatda biziň üçin möhüm bolmadyk ýönekeýje oýun käte çaganyň akyl kämilligini üpjün edýän, beýnisindäki nerw aragatnaşyklarynyň kämilleşmegini güýçlendirýän möhüm serişde bolup bilýär.
Kanada Ontario Uniwersitetiniň Mugallymçylyk Institutynyň professorlaryndan Gordon Wells ýigrimi bäş ýyl boýunça ene-atanyň ilkinji ýyllardaky ideginiň çagalaryň zehinine bolan täsirini gözden geçiripdir. Bu işlere Western Ontario Uniwersitetinden-de goldaw berlipdir. Şu maksat bilen taýýarlanan bir proýektde mekdebe çenli ýaşdaky çagalar bilen iki-üç ýyllap oýun oýnalypdyr, her hili çäreler geçirilipdir, motor we umumy başarnyklarynyň güýçlenmegine synanyşylypdyr. Soňra bolsa bu topar şeýle terbiýäni almadyk bir barlag topary bilen deňeşdirilipdir. Proýekte gatnaşan çagalaryň zehin synaglarynyň netijeleri barlag toparynyňka garanyňda 28 % üstünlikli tamamlanypdyr. Eýsem, bu ösüşi üpjün eden zat nämedikä?!
Nerwopsihologlara görä çagalygyň ir döwründäki zehin bilen baglanyşykly duýduryşlar çaganyň beýnisiniň kämilleşmegine täsir edýär. Çaga doglanynda milliardlarça nerw hüjrelerine eýedir. Bu nerw hüjreleriniň birnäçesi dogluşdan öň ýürek uruş, dem alyp-beriş ýaly işleri ýerine ýetirmek üçin biri-birleri bilen birleşýärler. Galanlary bolsa birleşilmegine garaşýarlar. Bu birleşmeler gelýän duýduryşlar bilen başlanýar. Çaga ulaldygyça nerw hüjreleri beýleki hüjreler bilen bag gurýar. Şeýlelik bilen hüjreleriň arasynda milliardlarça bag gurulýar. Mysal üçin, gözdäki nerw hüjreleri beýnidäki görüş korteksine (wisual korteks) duýduryş iberýär. Korteks gözden gelen duýduryşlary alýar. Tejribeler göz-korteks arasyndaky bagy güýçlendirýär. Şeýlelikde beýni-gulak, beýni-dil, beýni-burun, beýni-deri aralarynda birnäçe bag gurulýar. Beýniniň kämilleşýän, nerw baglarynyň gurulýan we bu baglaryň iň tiz bolup geçýän wagty ömrüň ilkinji iki ýylydyr. Çaga iki ýaşyna ýeteninde beýnisindäki baglar 300 trilýon sanydyr. Görmegimizi üpjün edýän nerw hüjreleriniň ilkinji bir ýylyň içinde öz aralarynda gurýan baglarynyň sany 15 müňdür.
Washington Uniwersitedinden dil özgerdiş ussady Patricia Kuhla görä her täze doglan çaga haýsy dilde bolsa-da sesleri tanap bilýär. Meselem, ýapon dilinde “l” sesiniň ýoklugyna garamazdan ýapon çagalary iki ýaşlaryna çenli “l” sesine düşünip bilýärler. Emma uly ýaşly ýaponlar muny tapawutlandyryp bilmeýärler.
Hawa, başky iki ýyl möhümdir. Eger çaglara ilkinji iki ýylyň dowamunda gerekli derejede seredilmedik bolsa, giç galyndygy bolarmy? Ýok! Çagalyk döwri pursatynda nerw hüjreleriniň baglaryny güýlendirmäge mümkinçilik bar. Ýöne çagalar uly ýaşly adamlara görä has çalt öwrenýärler. Pikir edip görüň; üç-dört ýaşlaryndaky bir çaga daşary ýurt dilinde gepleşmegi dokuz ýaşyndaky çaga garanyňda has çalt we aňsatlyk bilen öwrenýär. Dokuz ýaşyndaky çaga bolsa öz gezeginde 8-9-njy synp okuwçylaryna garanyňda has aňsat öwrenýär.
Çagalar gönüden-göni buýruk we görkezme almagy gaty halamaýarlar. Onda olary terbiýelemek üçin haýsy ýollary yzarlamaly?