Ulularyň köpüsi ýüzüp bilmeýärler (olar «palta ýzüzüşi» diýilýänini edýärler). Şonuň üçin hem siz iňňä bäbege ýüzmegi öwretmegiň mümkindigi barada bilseňiz, belki, geň galarsyňyz. Entek ýöremegi hem öwrenmedik bäbek, edil ýeriň ýüzünden süýşeneklemäge synanyşy ýaly, suwuň ýüzünde-de saklanmaga synanyşýar. Möhüm zat, kiçijek çaganyň ýüzüp biljekligi däl-de, eýsem, onuň çaga bolanlygy sebäpli ýüzýänligidir.
Birnäçe ýyl ozal men gazetde bir makala okadym. Onda de Beneseýl atly bir belgiýalynyň süýtden aýrylmadyk çagalar üçin ýüzmegi öwredýän mekdep açandygy barada aýdylýar. Ol üç aýlyk bäbege suw howdanynda arkan ýatmagy, dokuz aýlyk çaga suwda dogry dem almagy öwretmegi mümkin zat hasaplaýar.
1965-nji ýylyň awgustynda Reze Dim, Tokioda geçen Atlet-zenanlaryň halkara konferensiýasynyň başlygy bir ýaşa çenli bolan çagalar ýüzüş öwretmek barada gürrüň berdi. Bu uly sensasiýa boldy. Hanym Dim ilkinji gezek bäş aýlyk bäbegi suwuň temperaturasy 32 C bolan howdana salypdyr, üç aýdan soňra çaga eýýäm onda 6 minut töweregi ýüzmegi başarypdyr. Körpe hatda özboluşly rekord hem goýupdyr — ol suwda 8 minut 46 sekunt saklanyp bilipdir.
Metbugat konferensiýasynda hanym Dim şeýle diýdi: «Çaga ýerde dik durmaklyga garanyňda, suwuň ýüzünde nähili saklanmalydygyny has oňat bilýär. Birinjiden, ol tä öwrenişip, suwuň ýüzünde özbaşdak saklanmagy öwrenýänçä, siz oňa tekge berip durýarsyňyz.
Suwa çümeninde, gaýtadan ýokary çykýança ol demini saklaýar we gözüni ýumýar. Ynha, şeýlelik bilen ol el – aýagyny debşenekledip, ýüzmegi öwrenýär». Hanym Dim adamyň ähli mümkinçiligini we zehinini çaga entek bir ýaşa ýetmänkä ösdürip başlamagyň mümkindigini köp ýola ynandyryp aýtdy.
Körpäniň ýüzüp biljekdigi — çaganyň çäksiz mümkinçiliklerini tassyklaýan bary-ýogy ýekeje fakt. Ilkinji ädimlerini ädýän körpe şol bir wagtyň özünde tigirçeklerde hereket etmegi hem öwrenip biler. Ýöremek, ýüzmek, typmak — eger dogry ugrukdyrylsa we höweslendirilse, çaga bularyň baryny oýnamak usuly arkaly özleşdirip biler.
Elbetde, beýle synag tejribeleri körpä ýüzmegi ýa – da skripkada saz çalmagy öwretmek üçin geçirilenok. Ýüzmek — bu çaganyň ukyp-başarnyklaryny ösdürmegiň ýollarynyň diňe biri: ol ukyny gowulaşdyrýar, işdäni açýar, refleksleri ýitileşdirýär we myşsalary berkitýär. Demirçi ussalaryň bir aýtgysy bar: «Demir gyzaran wagty ýençgile».
Başgaça aýtsak, eger demir eýýäm gatan bolsa, ony ýençgilemek aşa giç bolýar.