Jennet eneleriň aýaklarynyň aşagyndadyr.
“Eneleriň ýüregi doly mydam yzadan
Ol belki-de, mukamdyr näzik, gamgyn owazdan”
Panylaryň arasynda iň eziz barlyk enedir. Ol ýer ýüzünde gezýärkä, başy göge dirär, “jennet bolsa, aýagynyň aşagyndadyr”. Aýagynyň tozy göze sürme deý, oňa sürtülen ýüz bolsa arşyň işigindäki baş ýaly belentdir. Ene dert – yza çekýän barlykdyr. Ömürboýy iňlär, syzlar… Enäni ene edýän perzentdir. Ene “enem” diýen biri bilen enedir. Enäniň arzuwy perzentdir!
Ene bardyr çagasyny hak ýola bagyş eder. Ene bardyr çaga islär, emma oňa ýetip bilmän armanda gider. Ene bardyr doguran çagasyny gizläp, onuň haýasyndan ýer ýarylmaz ol girmez. “Käşge ony dünýä indermänkäm ölen bolsadym, öňýeteniň diline çolanman, unudylyp gitsedim” diýer. Ene bardyr perzendi bilen bakylaşar, başy asmana ýeter. Ene bardyr perzendi sebäpli biçäre, haly perişandyr. Ene bardyr Faraonyň köşgünde bolsa-da, il-halkyň ezizine öwrüler. Ene bardyr Pygamber gaşynda otursa-da, ýüregi şeýtan höwürtgesidir. Ene bardyr ses-üýnsüzdir, göze ilmez, ýöne, bägüller çemenini ýetişdirer. Ene bardyr dessanlara sygmaz ol herkesiň aňyndadyr, ýüregindedir, al-asmanda melekleriň arasyndadyr.
Enäniň söýgüsi uly güýçdir. Oňa taý geljek zady gözleseň, uzak oýlandyrar. Höwürtgede ýatan gyzyl etene jüýjejikleri olardan sähel uly guşjagazyň ulaldyp uçurum edişi aklyňy haýrana goýar. Perzendiniň sallançagyny üwräp telim gijäni ukusyz geçiren ene “ýadadym, irdim” diýmez, gaýta “Aýlanaýyn adyňdan” diýer – hüwdi aýdar. Ýer ýüzünde ene söýgüsi sähel azalsa ony doňaklyk bürär. Çünki ýer şarynam ýyladýan ene mähriniň ýylysydyr. Garry ejeň gasyn-gasyn ellleriniň pamyk ýaly aýasy bilen çalaran başyny sypanda ýüregiňe siňdirýän ýylysyny başga hiç zat bilen berip bilmez. Ol ýylynyň ýanynda doňaklyklary pagyş-para eredýän Günüň ýylysam hiç zat. Ene söýgüsiniň ýylysy seni çagalyga alyp gider. Ejeň agşam sagyp goýan süýdüniň gaýmagyny syryp, başujyňa getirip, başyňy sypap oýadyşy ýadyňa düşer. Ýyllaryň ýüregiňe salan kirşeni syrylar. Ýerine üýtgeşik bir ýyly geler hem gussa batarsyň. Şol ýyllarda eneň söýgüsini adaty zat ýaly görendigiňe gyýylýarsyň. Ene welin şoňa-da razydyr. Ol başyňy sypar-da, baryny bagyşlar.
Toprak tohuma enedir, suwa çeşme. How ene külli adamzada ene. Bibi Merýem Isa Mesihe. Emine Älemleriň buýsanjy Muhammet Mustapa…
Enäniň gowusam bardyr, erbedem. Gowsuna janlar pida. Erbedine, betbagtyna näme diýeli? Balasyna güler ýüz bermedige, balasyndan güler ýüz görmedige. Bagtly güne ýüzi düşmedige …