You are currently viewing 6 aýdan soňra çagany nähili iýmitlendirmeli?

6 aýdan soňra çagany nähili iýmitlendirmeli?

Çaga 6 aýlyk bolanda, ene süýdi bilen iýmitlendirilme dowam edilip, onuň iýmitine ýuwaş-ýuwaşdan dürli şüleler, ýumurtganyň agy, gatyk ýaly önümleri  goşmaly. Çaganyň nahary çemçe haýallyk bilen çümer ýaly goýulykda bolup, ol onuň ýeterlik mukdaryny almalydyr. Ene süýdünde ýeterli mukdarda suw bardyr. Diňe ene süýdi bilen iýmitlenen çaga 6 aýlyk bolýança suw bermek hökman däl. Suw bermek süýdüň önmesine negatiw täsir edýär. Hazirki döwürde az mukdarda bolsada suw bermeli däldigini ylmy işler subut edendir.

6 aýdan soňra çaga ulalyp başlamagy bilen diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmek ýeterli däldir, ýöne immunitediniň berk bolmagy we metabolizmasynyň kämilleşmegi  üçin ene süýdi bilen iýmitlendirmek hökmanydyr.

Çaganyň 6 aýy dolandan soň ertirlik naharyny goşmaça iýmitler bilen başlamagy örän möhümdir. Ertirlik naharynyň ýokumly bolmagy, bäbegiň kadaly ýagdaýda ulalmagyna goldaw berýär. Ertirlikden bir sagat soňra çagany 2-3 sagat aralyk bilen ene süýdüni bermek maslahat berilýär. Belli bir mukdarda bolmagy hökman däldir, ene süýdi önýän bolsa çagany emdirmek peýdalydyr.

Çaga 2 ýaşyndan soňra maşgala bilen bir saçakda iýmitlenip başlaýar. Alymlaryň aýtmagyna görä, çagalaryň iýmitlenmegindäki esasy maksat, bedenlerine zerur bolan witaminler, minerallar, proteinler, ýaglar, beloklar, uglewodlar bilen üpjün etmekdir.

 

Bir yanıt yazın