Sözleýiş bu adamlaryň aktiw gatnaşykda bolmagy üçin esasy gurallaryñ biridir. Aslyna seredenimizde, çagalykda sözleyiş öwrenmek gaty kyndyr. Emma muny ýetişen adamlar wagtyň geçmegi bilen ýadyndan çykarýarlar. Ýagny, nähili gürlemäge başladyklaryny we nähili ilkinji seslerini çykarandyklaryny ýatdan çykarýarlar.
Diňe şeýle bir pikirlenenimizde bolsa, bir çaganyň doly we dogry gürlemegi üçin näçe zähmet çekmeli bolýandygyna göz ýetirmek bolýar. Çagalar dünýä inenden soňra olaryň ses perdeleri ösmäge başlaýar we daşardan gelen maglumatlary beýni seljermäge başlaýar. Çagalar dünýä inenden 54 sagat soňra öz ejesiniň sesini tanaýar. Şol sebäpli bolsa çaganyň gürlemesi we sözleýş diliniň oňaýly ýetişmeginde eneleriň roly gaty uludyr.
Çagalar 7 ýaşa çenli sözlemegi öwrenýärler. Olarda sözleriň şiwesi (aksent) 4 ýaşlarynda ornaşýar. Şol sebäpden çaga 4 ýaşyna çenli nähili sözleýişiň şiwesini gören bolsa şonuň ýaly gürlemäge başlaýar. Şol sebäpli çagalarymyzyň sözleýişiniň arassa , dury, aýdyň bolmagy üçin dünýä inenden soňra eşidýän ähli sözlerine üns bermegi başarmalydyrys.
ÇAGALARYŇ HER YAŞ ARALYKLARY ÜÇIN SÖZLEÝIŞIŇ BASGANÇAKLARY BARDYR.
0-1 ÝAŞ ARALYGYNDAKY ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞIŇ ÖSÜŞI.
Ýokarda belläp geçişimiz ýaly, çagalar bu döwürde daşardan gelen ähli sesleri kabul edýär. Bu döwür 4 etaba bölünýär.
- Daş töwerege seretmek we gülmek. Bu döwür 1.5-02 aýlyk aralygyny öz içine alýar we töweregindäki sesleri aýyl-saýyl etmäge başlaýar. Şol sanda ýylgyryş emosiýasy hem görünmäge başlaýar. Esasanda, ene-atasynyň sesleri has ünsüni çeker. Ýene-de bu döwürde çaga ,,aaaaa-uuuuuuu” seslerini çykarmaga başlýar.
- Düşnüksiz sesleri çykarmak. Bu döwür 4-8 aýlyk aralygy bolmak bilen çagalar bu döwürde dürli sesleri çykarmaga başlaýar. Iň geň tarapam öz atlaryny bu etaplarda tanamaga başlaýar. Ýagny atlary tutulanda özlerine ýüznelinýändigini aňlamaga başlaýarlar.
- Düşnüksiz sözleri çykarmak. Bu döwür 8-10 aýlyk bolup, çagalar bogunlap-da bolsa belli bir söz böleklerini çykarmaga başlaýarlar. Ýagny ,, buuuw, maaa , daaaa” ýaly düşnüksiz sözleri aýtmaga başlaýarlar.
- Ilkinji düşnükli sözleri çykarmak. Bu döwür 10-12 aýlyk aralygy bolup eýýam ,, ka-ka’’, ,,ma-ma’’, ,,e-je’’ ýaly sözleri aýtmaga başlar.
Umuman aýdanymyzda, çagalar 1,5 ýaşyna çenli 10-a golaý söz aýdyp bilerler, emma 200-e golaý predmetleriň atlaryny bilmäge ukyplydyrlar.
1,5-2,5 yaş aralygynda bolsa 40-60 golaý sözi aýtmagy başarýarlar we ýuwaş-ýuwaş iki-üç sözden ybarat bolan öz başarnygyna görä sözlemleri aýdyp bilýärler. Bu yaş arasydaky çagalar 300-e golaý söz bilmäge ukyplydyrlar.
Üç ýaşyndaky çagalar eýýäm 500-800e golaý söz biler, 4 ýaşynda bolsa çagalar 1000-1500 arasynda söz bilmelidir.
Eger çagalarda bu ýaş etaplary ýokardaky tertipde däl bolsa, onda bu ýagdaý çagalaryň söz öwrenmeginde näsazlygyň ýüze çykandygyny alamatlandyrýar. Şunuň ýaly näsazlyklaryň ene-atalar tarapyndan öňi alynmalydyr.
Beýle ýagdaýlarda hossarlar çagalaryna nähili kömek edip bilerler?
Ilki bilen çagalaryna üns berip, olar bilen köpräk gürleşmelidirler. Gowy gören oýunlaryny birlikde oýnamalydyrlar. Köpräk suratly kitaplar okap bermelidirler. Eger onda-da sözleýşinde üýtgeşiklik bolmasa, hökmany ýagdaýda psihologa ýa-da çaga lukmanlaryna ýüz tutulmalydyr.