Hormatly Adamlar!
Bu gün Ýylgyryş günümiz bolsun. Ertir irden turanyňyzda: “Her kime güler ýüz bilen ýüzlenerin” diýip özüňize söz beriň. Öýden çykanyňyzda ýanýoldaşyňyzdan we çagalaryňyzdan başlap, köçede duşan tanyşlaryňyza, iş ýeriňizde kärdeşleriňize mähirli ýylgyryp salam bereliň.
Säher bilen öýden çykanyňyzdan, agşam dolanýançaňyz geçen wagtyň dowamynda hiç kimden ýylgyryşyňyzy gysganmaň. Muny-da Pygamberimiziň (s.a.w.): “Din doganyň ýüzüne ýylgyryp seretmegiň, seniň üçin sadakadyr” hadysyna esaslanyp, diňe bir gün bilen çäklendirmäliň, her gün edeliň.