You are currently viewing Sungat terbiýesiniň çagalaryň kämilleşmegindäki ähmiýeti

Sungat terbiýesiniň çagalaryň kämilleşmegindäki ähmiýeti

 

Salam gadyrdan okyjylar,

Sungat baradaky gürrüňlerimize öňki galan ýerimizden dowam edeliň. Öňki makalalarymda sungatyň adamzada, jemgyýete we adamyň şahsy kämilligine edýän täsirleri barada aýdyp geçipdik. Bu makalada we indiki çykjak makalalarymda bolsa çagalara kiçi ýaşlardan sungat terbiýesi berilmeginiň ähmiýeti barada ýazmakçy.

Perzentlerimiz biziň gelejegimiz. Olary özümizden eý görüp, iýmän iýdirip, geýmän geýdirip, olaryň iň gowy okuwlarda okap, gelejekdäki il-güne peýdaly uly adamlar bolup ýetişmegi ene-atalar hökmünde her birimiziň iň uly arzuwy. Emma, käbir ene-atalaryň çagalary gelejege taýýarlan mahalynda, käte güzeran başagaýlygy bilen, käte-de çaga terbiýeçiliginde derwaýys beýleki sapaklardan pesräkde görüp ýeterlik üns bermeýän esasy bir meselesi bar: sungat terbiýesi. Sungat terbiýesi diýlende gönümel ýagdaýda çagany sungat mekdebine ibermek ýa-da yörite sungat mugallymyndan sapak aldyrmak hökmünde garalmaly däldir; eger çagada sungata bolan aýratyn ukyp we höwes görlen ýagdaýynda, elbetde çaga o ugra gönükdirilip bilner, ýöne umuman alanyňda aýratyn we gymmat baha bolmaýan ýagdaýda hem çagalara sungat terbiýesi berlip bilner we berilmelidir. Çagalara kiçi ýaşlardan sungat terbiýesi berilmegi şu belläp geçjek sebäplerime görä möhümdir.

  1. Çagalaryň el hünärleriniň ösmegi

Haçan-da çagalar sungat bilen meşgullananynda, bu çagalaryn bir topar hereketleri öwrenmegini we endik edinmegini netije berýär. Mysal hökmünde surat çekmegi pikir edeliň. Çaganyn eline çotkany ya-da galamy alyp ak kagyza binalar, adamlar we haýwanlar ýaly bir-birinden tapawutly şekiller we jisimleri suratlandyrmagy üçin çotkany nä dereje mäkäm, nä dereje-de gowşak tutmalydygy, nä dereje gaty, nä dereje ýumuşak basmalydygy, elini kagyza dikmi ýa kese tutmalydygy ýaly çenden aşa çylşyrymly el hereketlerine düşünmegi we ýerine ýetirmegi başarmalydyr. Bu hem çagalara dine gündelik el hünari talap edýan işlerde kömek etmekden başga-da, öz ukyplaryndan we başarnyklaryndan habardar bolmagyna, belki-de akly goýylaşyberägede öz ellerinin we beýnisiniň nähili gudratdygyny bilmegine we öz synalaryny, ukyplaryny we özüne hiç ýokdan berlen nygmatlary iň bir rejeli we peýdaly şekilde ulanmagyna itergi berer. Surat çekmekden başga el hünari talap edýän beýleki sungat işlerine kagyzy gaýçy bilen kesip şekiller ýasamak, origami sungatyndaky ýaly kagyzy epläp owadan şekiller emele getirmek, dutar, pianino we skripka ýaly saz gurallary çalmak ýaly iňňän çylşyrymly el hereketleri talap edýän sungat işlerini hem mysal hökmünde agzap geçip, indiki bölüme geçeli.painting and drawing tools set

2. Çagalaryň dil baýlygynyň artmagy

Sungat bilen meşgullanmak çagalara hem öz ene dillerinden hem-de daşary ýurt dillerinden ummasyz täze sözleri öwrenmegini netije berer. Adamyň pikirlenme ukyby söz baýlygyna öran baglydyr we adam söz arkaly bilmeýän zady hakda çuňňur pikirler ýöredip bilmeýär (meselem, ömründe alma sözüni eşitmedik adam onuň nämedigini, iýlip iýilmeýandigini, haýsy reňkde boljakdygyny bilmeýşi yaly). Şol sebäpli çagalara kiçi yaşlardan, söz baýlyklarynyň köpelmegi üçin köp ertekileri, çeper eserleri we goşgulary okamaklary ündelmelidir. Munyň çagalaryn okuw sapaklaryna we gündelik özüni alyp-barşy we edebine ajap täsirleri boljagy hem ikuçsyzdyr. Çeper eserleri okamakdan daşary beýleki sungat şahalarynda çagalar kän daşary ýurt sözlerini hem öwrenme mümkinçilikleri dörar. Meselem, günbatar saz sungatyny öwrenmek üçin allegro, presto, lento, staccato, arýa, diminuendo ýaly italýan sözleri manysy bilen bile öwrenmek gerekdir.

3. Çagalaryň özbaşdak karar berme ukybynyň kämilleşmegi

Çagalaryn jogapkarçilikli adamlar bolup yetişmegi üçin kiçi yaşlardan özbaşdak karar berme ukuplarynyň ösdürilmegi hökmanydyr. Çaga muny öwrenmedik ýagdayynda ulalyp öýli-işikli bolanynda hem ene-atasyna ya-da beýleki howandarlaryna garaşly we hemişe ullakan bäbek ýaly kömege mätaç ýaşamaly bolar we bu ýagdaýy hiç bir ene-ata öz çagalary üçin islemez. Sungat bilen meşgullanýan çaganyň özbaşdak karar berme ukuby artar, sebäbi sungat adama täze eser döretmeklikde ummasyz erkinlikler eçilyar. Meselem, bir çaga surat çekeninde nämani çekjekdigi, o zady çekeninde haýsy şekilleri, renkleri ulanjakdygy, nahili ululykda boljakdygy yaly suratyn hilini kesgitleyiji kyn soraglara özbaşdak jogap tapmagy başarmalydyr. Çekip bolanyndan sonra bolsa, hasyl bolan eseri derňäp, şoňa görä indiki eserlerinde haýsy taraplaryny özgerdip biljegine özi karar hem berip biler, şeylelik bilen özüni tankytlamagy (self-criticism) öwrener. Bu hem çaganyn kamilleşmegi üçin öran derwaýys meseledir.

 

Bu makalada sungat terbiýesiniň çaganyň kamilleşmeginde uly orun eýeleýändigini käbir mysallar bilen düşündirdim, emma agzamakçy bolýan sebäp we mysallarym bir makalan möçberinden uly bolanlygy sebäpli, indiki makalamda hem şu temada dowam etmekçi bolýaryn. Indiki makalama çenli hoş galyň, hormatly okyjylar!

 

 

Bir yanıt yazın