Oýunçy ene-ata bolmaklyk düşünjesi biziiň durmuşymyza Lawrence J. Cohen tarapyndan diňlenilen bir okuwdan soň girdi.
Oýunçy ene-atalyk – çaganyň oýun dünýäsine goşulyp, çagany terbiýelemäge, baglanyşyk gurmaga we meseleleri çözmäge täzeçe bir garaýyş berýän ene-atalyk usulydyr. Bu ýolyň özeninde aragatnaşyk we baglanma bar.
Bu näme diýmek?
Biz ene-ata hökmünde ýüze çykýan kynçylyklaryň sebäbini köplenç çagada ýa-da özümizde gözleýäris, ýöne aslynda mesele — aragatnaşygyň we baglanyşygyň ýitmegi bilen baglanyşyklydyr.
Mysal üçin, biz isleýäris çagamyz täze köwşüni geýsin, emma ol köne köwşüni geýjek bolýar.
Şol pursatda aragatnaşyk kesilýär; hiç kim biri-birine düşünmeýär.
Eger oýun çaganyň “işi” bolsa, oýun oýnamak bize ýene-de baglanyşmaga we bilelikde hereket etmäge kömek edip biler.
Näme üçin mesele bar wagty oýun oýnamaly?
Çünki oýun göwün açýar, gülkü getirýär, dartgynlygy peseldýär.
Gülmek – ýürekleri birleşdirýär. Oýun çaganyň içindäki tebigy hyzmatdaşlyk islegini oýarýar, ene-atanyň bolsa sabyr we rahatlyk duýgusyny artdyrýar. Oýunda “biz bir topar” bolmak we “topar” bolup hereket etme ruhy emele gelýär.
Mysal üçin, her sapar öý işinden öň kiçijik “ýassyk urşy” oýnasaňyz, çaga içinde ýygnanan aladany taşlap biler. Duygularyny oýun arkaly daşyna çykaran çaga, kyn işleri ýerine ýetirmäge has taýýar bolýar.
Bu oýunlarda çaga merkezde bolmaly, oýun ugruny ol kesgitlemeli.
Unutmaň – maksadymyz dogryny öwretmek däl, eýsem baglanyşyk döretmek, gülmek we stresden saplanmak.
Oýunçy ene-ata bolmagyň syrly ýoly – ýüze çykan meselä oýun arkaly görkezmek we oňa gülmekdir!
Mysal üçin, täze ýöremäge başlan çaga bilen “dura-bara” ýa-da gülkünç sesler çykaryp “guzujykmy ýa bäbekmi, bilemok!” diýen ýaly oýunlary oýnap bilersiňiz.
Geýinmek islemeýän çaga üçin jorapdan iki sany el kuklasy ýasap, olary gürletdirmek ýa-da “men mekdebe jalwarsyz gidýän” aýdymyny aýdyp görmek hem çaga rahatlyk berer.
Elbetde, oýun ähli meseläni düýbünden çözmez, ýöne ony ýeňilleşdirer. Emma oýunçy ene-ata bolmak hem her kime başardýan zat däldir.
Käbir oýunlar sizi biynjalyk edip biler, ýa-da siz özüňizi oýuna berip bilmersiňiz. Eger siz özüňizi oýnamaga taýýar duýmaýan bolsaňyz, olary diňläň, olaryň hereketlerini we olaryň gülýän zatlaryny siz hem gaýtalaň. Ýadyňyzda bolsun: çagalar oýnuň hakyky hünärmenleridir.
Biz diňe olaryň dünýäsine myhman hökmünde barýarys. Şonuň üçin oýunçy ene-ata bolmagyň syrly ýoly – çagany yzarlamak, onuň dünýäsi bilen gyzyklanmaga mümkinçilik bermekdir.
Oýun bolsa çylşyrymly duýgular bar wagty dessine işlemeýär. Ilki bilen duýgular çykmaly, rahatlyk gelmeli.
Ene-ata hökmünde ilkinji işimiz – duýgyny diňlemek, kabul etmek; soňra akyl bilen çözmäge synanyşmak.
Maksadymyz çaga hemişe şadyýan etmek däl. Ol gynananda-da, biz onuň ýanynda bolmaly, şol duýgy bilen bile bolmagy öwretmeli.
Oýunçy ene-atalykda yüze çykýan 7 ýaýbaň mesele we çözgütleri
1. Diş arassalamak
Diş arassalamagy gyzykly etmek üçin “ýalňyşlyk oýny” edip bilersiňiz:
“Saç daragyny alyp, dişlerimizi arassalaly! Aýýý, ýoook, bu saçlar üçin eken-ääää!”
Çaga siziň ýalňyşyňyzy tapanda özüni başarnykly duýar, bu hem oňa güýç berer.
2. Hajathana gitmek
Käbir çagalar hojathana gitmegi halamaýarlar, sebäbi ol ýer olaryň pikirinde sowuk, ümsüm ýa-da biraz gorkunç bolup görünýär. Şol ýagdaýda, biz oňa gülkünç we rahat duýgy berip bileris.
Mysal üçin, şeýle aýdyp bilersiňiz:
“Gel, hajathanada täze dostlarymyz bar — suw damjalary! Olar seni görmek isleýärler. Eşidýärmiň, ‘şap-şup’ diýip el çarpýarlar!” Bu oýunda maksat — işi gyzykly etmek, gorkyny azaltmakdyr.
3. Geýinmek
Kä günler çaga üçin geýinmek kyn gelip biler. Şeýle wagtlarda oýunjaklary arkaly hem düşündirmek bolar. Mysal üçin siz çagaňyza jorap geýdiren mahalyňyzda ‘bu çişijek aýyjyk” bu gün näme geýsinkä?” diýip oýna öwüreniňizde, çaga hem öz oyunjagyna geýindirmegi synanyşar.
4. Oýunjaklary ýygnamak
Öýde ýunjaklaryň çaşan wagty “trafik dyknyşygyyy”, oýunjaklary “garažlaryna sürmeliiiiň”diyip aýdym aýdyň.
“Bu ýerde “aç bir böwenjik” bar, oňa iýmäge Legolar gerek!” diýip, oýunjaklary ýygnamagy gyzykly ediň.
5. Öýden çykmak
“Kim derwezä çenli towşan ýaly böküp gider?” ýa-da “öýden çykmak üçin halynyň üstünden ommolakan atmalymyyyyy!” diýip oýna öwürmek, gijikdirmeleri azaldar.
6. Günlük işlerde kömek etmek
“Gülleriň suwa mätäçligi bar, kim olara güýç bererip biler?” diýip çaga bilen öý işlerini oýna öwürmek mümkin. Bul hem çaganyň jogapkärçilik duygusyny ösdürer.
7. Ýumşak hereket we sazlaşyk
Mysal üçin : Çaga güjüjegi gaty sypalan wagtynda, “Owwww, eller, siz meni eşidýäňizmiiii? Güjüjek ýuwaş sypalmagy halaýaaar” diýip, eller bilen gürrüň ediň. Bu ýagdaý çaganyň duýgularyna düşünmeklige ýol açar.
Kardeşleriň oýunjak üstünde jedelleşende: “Men oýunjagy alyp gaçdym, meni tutup biljek kim bar?” diýip oýna öwürmek, olaryň bilelikde gülmegine we hyzmatdaşlyk etmegine ýol açar.
Unutmaň! Oýun ähli kynçylyga dessine çare däl, ýöne meselelere başgaça seretmäge kömek edýär.
Çünki oýunda çäklilik ýok – döredijilik bolsa çäksizdir.
