Çagalar bir nogçajykdyr, ene-ata bolsa, bagbandyr. Nogçajygyň ulalyp, kemala gelmegi üçin bagban ony wagtly-wagtynda suwarmaly, ösüşine päsgel berip biljek ot-çöpdir mör- möjeklerden goramaly. Edil bagban ýaly, ene-ata hem öz perzentleriniň ulalyp, kemala gelmegi üçin dogry edep-terbiýäni bermegiň ýanynda, olary öz mähir-muhabbetleri bilen dolap almaly. Bu eýjejik balajyklaryň ilkinji eşiden sesleri ene we atanyň sesidir, gözlerini açyp ilkinji gören ynsanlary ýene şolardyr, ilkinji duýan ynam duýgysy hem ýene ene-ata bolan ynam duýgusydyr. Ene-ata perzentleriniň dünýäsiniň özenidir. Käwagt gynansak-da bagbanlygymyzy unudyp, zergär bolmaga synanyşýarys. Olara özümize görä şekil berjek bolýarys, yöne dünyämizin bezegi bolan perzentlerimiz , dünyämize gelenlerinde özlerine mahsus aýratynlyklary bilen bile gelýärler. Bize bolsa, diňe ol nogçajyklaryň gül bolup açylmagy üçin dogry görelde görkezip, kömek etmeklik galýar.
Ene-ata bolmak örän uly jogapkärçilikdir, edil şonuň ýaly-da ol bahasyna ýetip bolmajak nygmatdyr.
Jogapkärçiligimiziň ähmiýetine göz ýetirmek üçin özümize birnäçe sorag berip göreliň:
1. Biziň “kiçijik döwlet” diýip atlandyrýan maşgalamyzda nähili häsiýetli kaka, eje (gaýyn ene, gelin, baldyz we ş.m) bilen ýaşamak isleýäris. Mähirli, sypaýy eje bilenmi ya buýruk berýän eje bilenmi?
Jogapkärçilikli, paýhasly bir kaka bilenmi ya da ýanyna ýakynlaşmana gorkulýan, gaharjaň kaka bilenmi?
2. Nahili başlyk bilen işleşesimiz gelýär; adalatly , işiňe hormat goýýanmy başlykmy ýada hak-hukuga seretmeýän başlyk bilenmi?
3. Doktora gidemizde iň köp mätaç bolýan duýgumuz mähir we güler ýüzlülik. Güler ýüzli, seniň ýarawsyzlygyňa düşünýän doktora gitmek islärsiňmi ýa-da hyýrsyz, mähirsiz we seniň bilen gyzyklanmaýan doktora gitmek islärsiňmi?
Goňşy, mugallym, ministr… dürli hünärdäki adamlary mysal getirip bileris. Hawa hemmämiz gowydan gowyny isleýäris, çünki bu duýgy ynsanoglunyň ýaradylyşynda bar. Bu makalany okaýan hormatly ene-atalarymyz, siziň gujagyňyzdaky o balajyklaryňyz gelejegimiziň: ministri, doktory, mugallymy, sungat işgäri, iň esasysy-da olar biziň gelejegimiziň ene-atalary. Gelejegimiz yaş nesillerimiziň elinde. Şonuň üçin biz çagalarymyza bir çagajyk gözi bilen däl-de, gelejekde döwletimizi, gözel ahlaklary, edep-terbiýeleri bilen gülledip ösdürjek iň ýokary wezipeli ynsan hökmünde seretmeli. Biz ene-atalar, gelejegiň binýadyny gurýarys. Çaga psihologlary 0-6 yaş aralygyny, ynsanyň aňasty gorunyň kemala gelýän döwri diýip aýdyarlar, ýöne bu käbir alymlara görä 0-15 ýaşa çenli hem ýetip bilýär. Bal arysynyň dürli güllerden toplan nektaryny peteginde bala öwrüşi ýaly, beýnimiz hem 0-15 ýaş arasynda eşiden, gören, duýan, öwrenen we edinen maglumatlaryny aň astynda maýaladýar. Bütin ömrümüzde aljak kararlarymyz, hasiýetlerimiz şol maýa göra şekillenýär we biraz ileri gidip, aňastymyz bizin ykbalymyzy kesgitleýär hem diýip bileris. Sebäbi biz aňastymyzyñ esiridiris. Şonuň üçin öňi bilen özümizi terbiýelemeli, sebäbi çagalara aýdyp etdirmek däl-de nusga bolmak gerek. Biz nähili bolsak, olaram bizden täsirlenýärler. Çaga ösüşi hünärmeni hökmünde, her birimiziň esasy mätaçlik çekýän zady ene-ata mekdebi diýip hasap edýärin. Ösen yurtlarda öýlerinde haywana (güjük we ş.m) seretmek üçin hem nähili seretmelidigi barada okuwyny okap, şahadatnama almasalar rugsat berilmeýär. Biz ene-atalar bolsa iň gymmatly barlyk bolan ynsany terbiýeleýäris. Şonuň üçin maşgala durmuşuny gurmazdan ozal durmuş mekdebi hem çaga terbiýesi barada okuw okap, şahadatnama almalymykak diýýärin.
Soňky makalalarymda çagalar bilen nähili aragatnaşyk saklamaly, çaganyň gorkusyna däl-de aňyna yüzlenmek, kakanyň orny, söygi dilleri, çagalara nähili yüzlenmeli, ynam duýgusy we şuña meñzeş beýleki mowzuklar hakynda paylaşmak isleyärin.
Awtory: Hatyja Allamyradowa