You are currently viewing ÇAGALARYŇ AŇ DÜŞÜNJESINI ÖSDÜRÝÄN OÝUNJAKLARY NÄHILI SAÝLAMALY?

ÇAGALARYŇ AŇ DÜŞÜNJESINI ÖSDÜRÝÄN OÝUNJAKLARY NÄHILI SAÝLAMALY?

Oýunjaklar we oýunlar çagalaryň dünýäsinde iň möhim zatlardyr. Sebäbi çaga oýunjaklaryň üsti bilen daşky dünýä açylyp bilerler we köp zatlary öwrenerler. Aslyna seredenimizde ähli oýunjaklar çagalar üçin bir öwrenme materýaly bolup biler. Yöne bu oýunjaklary nähili saýlamaly we haýsy ýaşlarda nähili oýunjaklar bilen oýnalmalydygy hakynda çaga psihologlary birnäçe maslahatlar berýärler. Sebäbi çagalar özlerine görä oýnaýan oýunjaklary gyzykly bolmadyk ýagdaýynda olar oýunjaklar bilen oýnamany bes edip özleriniň düşünjelerini başga zatlara sarp edip başlarlar. Çünki çaga hemişe özüne gyzykly zatlary gözlär we şolar bilen meşgul bolarlar. Şol sebäpli çagalaryň oýnaýan oýunjaklaryna gaty üns berilmelidir.
Biz çagalara oýunjak alan wagtymyz ilkinji üns berilmeli zatlardan biri olaryň ýaş toporlarydyr, soňra reňkler we şol oýunjagyň näme öwrenmäge ugrukdurýanlygy seljerilmelidir.

Meselem 6-12 aýlyk çagalar üçin esasan açyk reňkli we jyňňyrdakly oýunjaklar alynmalydyr. Çaganyň gyz yada oglan bolmagynyň tapawudy ýokdur. Çünki çagalarda ol açyk renkli oýunjaklar esasan pozitiw düşünjesini artdyrýandyr. Jyňňyrdakly oýunjaklarda bolsa eýýäm çaga olary elläp oýnan wagty kiçilikden olaryň el ýazma güýjiniň artmagyna sebäp bolýandyr. Şol sebäpli bu topar çagalarda şuňa meňzeş oýunjaklar saýlansa olaryň aň düşünjesiniň ösmegine has hem gowy kömek eder. Mundan başgada bu ýaş toparyndaky çagalara saz gurallarynyň sesleriniň akyşyny çykarýan oýunjaklaryň saýlanmagy maslahat berilýär. Çünki saz çykarýan oýunjaklar çagalaryn ukyplaryny ösdürýändir. Ýöne saz çykarýan oýunjaklar ýumşak bir görnüşde ses çykarmalydyr. Sebäbi goh-galmagally ses çykarýan oýunjaklar çagalara psihalogiki taýdan erbet täsir edip biler.

Eýýäm 1-2 ýaş aralagynda bolsa köp funksiýaly ýagny köp şekilli ses çykarýan oýunjaklar we reňkli suratly pazyl görnüşinde halylar alynmagy has gowy bolar.

2 -3 ýaş aralyklarynda şekilli , reňkli we hereket edýän birnäçe ölçegli oýunjaklar saýlanmalydyr. Ýagny bu ýaş toparyndaky çagalaryň köplenç ünsüni interaktiw oýunjaklar çekýändir. Çaga eýýäm 3 ýaş töweregi ýagny üç ýaşyna gelmeden özleriniň hyýalyndaky oýunlary oýnamaga başlar. Esasanda plastilinler bilen kuplar we şekil ýasalýan oýunjaklar bilen aýnamagy has gowy görerler. 3 ýasyndan soňra bolsa reňkler bilen çyzykly şekiller çekmäge başlarlar.

4-5 ýaş töweregindäki çagalarda bolsa eýýam aklyny düsünjesini ösdürýän köp närseli ýagny harplar, sanlar bilen ýazylan oýunjaklar saýlanmalydyr. Bu ýaş toparyndaky çagalar ýenede tebigy oýunlary oýnamagy has gowy görerler. Eyyäm tebigy atlary ýatlamak olar üçin has gyzykly bolar. Ýagny planetalaryň atlaryny ýatlamak, haýwanlaryň, şäherleriň atlaryny öwrenmek olar üçin gyzyklydyr. Şol sebäplide oýunlar we oýunjaklar olar üçin şoňa gorä saýlanmalydyr.


Çaga bilim adamlarynyň ýagny pedagoglaryň we psihologlaryň gelen netijelerine görä eger çagalarda özleriniň ýaş toparlaryna göre oýunlar we oýunjaklar saýlanmadyk mahaly oloryň aň düşünjelerinde yzda galmalar we gelejekde bir zatlary öwrenmekde kynçylyk çekmeler ýüze çykyp biler. Hökmany suratda olaryň ünsini çeken oýunjak toparlaryna üns berilmeli we alynmalydyr.

Bir yanıt yazın