Zenan barlyk zynjyrynyň iň möhüm halkalaryndan biridir. Zenan bolmasa, ynsan nesli hem bolmazdy. Adam aleýhisselamy How enesiz, How enäni-de Adam atasyz göz öňüne getirmek mümkin däldir. Bular, ýaşaýşyň dowamatyna sebäp bolýan azot we kislorod atomlary ýalydyr. Biriniň beýlekisinden kem tarapy ýokdur. Diňe fiziki we ruhy-psihologiki taýdan tapawutly ýaradylan-da bolsalar, bu erkegiň zenandan, zenanyň-da erkekden ýokarydygyny ýa-da pesdigini aňlatmaýar.
Zenan bilen erkek bir bitewiligiň iki aýry bölegi ýalydyr. Olar iki aýry jeset, emma bir bitewi ruh kibidir. Alla, zenany erkege ýoldaş, syrdaş hökmünde ýaradypdyr. Ol, kalby iman bilen bezelen, akly ylym bilen gurşalan, durmuşy kämil ahlaga esaslanan wagty meleklerden — perişdelerden has beýik mertebeli barlyk halyna geler.
Zenan — ol enedir. Onuň mertebesine beýgelmek her öňýetene eýgertmez. Çünki ol, beýik mertebe eýelerini dograndyr. Älemleriň serweri söýgüli Pygamberimiz Muhammet aleýhisselam “Jennet eneleriň aýagynyň astyndadyr” diýýär. Bu şol bir wagtyň özünde, yslamda zenanlara nähili ýokary hormat goýulýandygyny görkezýär.
“Rebbiň şeýle buýurdy: Allahdan başgalara ybadat etmäň. Enä we ata hoşamaý boluň. Eger olardan her ikisi ýa-da biri garrap, seniň ýanyňda bolsa, asla olara hyzmat etmekden gaça durma, “Uf!” çekme, olara ezýet etme, olara mylaýym we köňül awlajak sözler aýt.” (Isra suresi, 23).
“Mähir bilen, kiçigöwünlilik bilen olara gol-ganat ger we şeýle dileg et: Ýa Rebbim, olar kiçikäm meniň üçin gamhorluk çekip, uly aladalar etdiler. Munuň sylagy hökmünde, Sen hem olara merhemet et.” (Isra suresi, 24).
Enelerine hormat goýmaýan, olary janyndan eziz tutup, olara seretmeýän ogullar, özleriniň dünýä we ahyret durmuşlarynyň abadanlygynyň hatyrasyna, oturyp pikir etmeli we bu ile sygmajak hereketleriniň netijesi barada aladalanmalydyrlar.
Bir dostumyň enesi ysmaz bolupdy. Ýedi ýyl düşekde ýatmaly boldy. Ogly ony hoşnut etmegiň ýerine, enesiniň bu halyndan närahatlyk duýup ýaşapdy. Bir gün-de ömür müddeti dolup, enesi aradan çykdy. Köp wagt geçmänkä-de, ogly ysmaz boldy, enesiniň ýatan düşeginde özi-de ýedi ýyl ýatmaly boldy. Haçan ýanyna barsam aglap, “Men enemiň gargyşyna galdym, şonuň jezasyny çekýän” diýerdi we Hak gatynda bu ýazygynyň bagyşlanmagy üçin dileg etmegimi haýyş ederdi.
Hawa, zenan Altyn nesliň — millet daragtymyzyň umyt pyntyjaklarynyň tälim-terbiýesi, öý-ojagynyň bagtyýarlygy, abadanlygy, jemgyýetiň agzybirligi babatda ynsanperwerlik mekdebiniň ilkinji mugallymy we terbiýeçisidir.
Özüni tanap, ýaradylyş maksatlaryna göz ýetiren, gije-gündiz diýmän balasynyň üstünde ganat gerip, oňa Allahyny we Pygamberini, Watanyny we milletini söýdürip, ony iň ýokary ahlakda terbiýeleýän enäniň hakyny hiç bir maddy gymmatlyk bilen gaýtarmak mümkin däldir.