Biz geçenki makalamyzda aýdyşymyz ýaly çaga eýýäm 3 ýaşyndan başlap daş töweregindäki sredany seljerip başlaýar. Duýgy – düşünjeleri duýgurlaşyp ugraýar. Eýýäm 7 yaşynda çagalar dogry (manyly) pikirlenmäge başlaýarlar. Esasanda 3-7 yaş aralygynda çaganyň gylyk häsiýeti ykjam ýerine ornaşyp ugraýar. Şol sebäpli hem bu döwürde ene-atalar çagalaryna garşy has hem ünsli we sabyrly bolmalydyrlar .
Çaganyň ilkinji näz – kereşmeleri bolanda ene atanyň esasy üns bermeli zatlary.
Esasanda 3-7 ýaş aralygyndaky çagalarda has köp näz-kereşmeler bolýar. Ýagny ýygy- ýygydan kän soraglar berip ugrarlar, öz diýenlerini etmek we etdirmek üçin bar garagolluklaryny görkezip gulak asmazlyk ederler. Bu bolsa maşgaladaky agzalary kämahal gaty birahat ýagdaýa goýup biler. Bu döwürde ene atalar özleriniň kararlylygyny we jogapkärligini ýeterlik yagdayda çaga belli edip maşgalaniň içinde ony goramalydyrlar. Ýagny çaga dogry we yalňyşlary çaganyň düşünýän dilinden aýdyp düşündürmelidirler. Emme çaga psihologlarynyň aýtmagyna görä çagalaryň näz-kerişmeleri we beyleki garagollyk endikleri aslynda hossarlarynyň öz içlerindaki gatnaşyk-hereketlerden esaslanýar. Çünki çagalar ene atasyndan we maşgala agzalaryndan näme görse şony edýär we şoňä görä hereket edýärler. Köplenç ýagdaýlarda bolsa çaga 0-7 ýaş aralarynda mähir we söygi ýetmezligi zerarly käbir nähoş hereketleri özüne ornaşdyrýarlar we wagtyň geçmegi bilen şol hereketleri endik edinyärler. Ýene-de çagalar duýgy daşy endiklerini-de daşky sredadan, esasan hem ene-atasyndan görelde alyp, wagtyň geçmegi bilen öz endiklerine öwrerler. Bu bolsa çagalaryň geljekdäki durmuşuna uludan täsir eder.
Mundan başga ýenede çagalarda 6 ýaş töwereklerinde bahalandyrma häsýetleri bolmana başlar. Ýagny adamlary we daş töwerigindeki bolup geçýan wakalaryň ählisini bahalandyrmaga başlarlar we özüne görä gowy zatlary arzuw edip başlarlar. Yenede çagada hossarlar bilen sözli gatnaşyklary 3 yaşlarynda başlaýar. Ýagny çaga 3 yaşa çenli beýniniň sözsüz gatnaşyk bölegi işleýär we 3 yaşdan soňrada sözli gatnaşyk bölegi işlemäge başlar. Şol sebäpli çagalar 3 yaşa çenli hossarlarynyň edýän hereketlerinden özlerine häsýet almana başlarlar, 3 ýaşdan soňrada sözli gatnaşyklardan öwrenenleri blen özlerine belli bir häsýetleri ornaşdyrýarlar. Bu yerde bolsa köplenç ýagdaýlarda esasy rol çaganyň ejesine düşýär. Elbetde çaga kakasyndan ýada bolmasa maşgala içindäki agzalardan-da özüne geregini alýar emma ylmy işleriň netijesi esasy roluň ejä düşýändigini bildiryär.
3-7 yaşda çaganyň iň esasy öwrenmeli häsýetlerinden biri bolsa birek-birege hormat goymagy öwrenmekdir. Bu bolsa ýenede maşgala agzalarynyň öz arasyndaky gatnaşyklaryna, esasanda ene ata arsyndaky gatnaşyklara baglydyr. Şol sebapli-de hossarlar özleriniň perzentleriniň geljegi üçin gaty jogapkärli çemeleşmelidirler.