You are currently viewing ENELER BARADA (2)

ENELER BARADA (2)

Ene-perzent iki ten, bir jandyr. Perzent enäň bagrynyň parasydyr, gujakda ýüregi ýyladýan közdür, emedekläp ýörenje mähirdir. Soňra … Soňra tirkeş-tirkeş gelen aýralyklar bilen synasyny ýakan gora öwrüler, ýürege sanjylan tyga-naýza…

Ýetginjeklik ýaşa ýetende hamrak ejeň söýgüsine gödeklik bilen jogap berip başlarsyň.Muňa ene ýüregi näçe ezilse-de syr bermez: “Oglum ýigit çykyp barýar” diýer begener. Soňra eneň seni Watan gullugyna ugradar. Şonda enäniň gözleri ýaşlam bolsa, ýüregi ganatlydyr. Ene perzendine  näçe “balam, balam” diýse-de, jigerbendiniň ilki bilen Watanyň ogludygyna düşünýändir. Çünki Watanyna ysnat getiren oguldan ene-de bizardyr. Watan gullugynda duran oguldan enäniň başy buýsançlydyr. Emma, başy howaly ogul, sen bu zatlary bilmersiň. Uzyn hatyň içinde “Nähili ejemem ýagşymy?”  diýen iki setiriňi eneň görgüli telim gezek okadar. Munuň bilenem kaýyl bolman şol ýeke jümläňi içindenem doga kimin gaýtalap gezer. Ol janyndan eý görýän perzendini mukaddeslerine, Watanyna, ar-namysyna bagyş etmegi beýik pidakärlik saýar, ondan teselli tapar…

Perzendi talyp bolup okuwa barýan enäniň ýüregi guş bolup uçar. Oglunyň kitaplaryny alyp öýden çykanyny görüp, penjireden ony assyrynlyk bilen synlar. Ene Alladan “Oglumy gözden-dilden gora” diýip dileg etse-de, göz guwanjyny owadan gyzlardan gabanar. Ene her näçe gabansa-da, gorasa-da, ahyr bir perizadyň jadylaýjy nazaryndan göwün şadyny gorap bilmez. Ýene enäniň gözünden ýaş syrygar. Goşa kepderi deý gaşynda oturan ogul bilen gelin ol ýaşyň manysyna entekler düşünmez …

Ene perzendini durmuşynyň her öwrüminde uly alada galar. ol her kötelde hopugar, göz ýaşyna erki ýetmez. Ol köp aglar, körär, tütär, ýanar. Özi aglap, özi diňen mahallary käte teselli tapsa, käte-de agysyna bogular. Perzendiň geldi-geçer, biweç ýaşap ölse näme diýjek? Ine, şonda enäniň dili tutular. Gijeler aýdan hüwdüsi agy bolup gulagynda ýaňlanar. Şonda ene söýgüsini perzentden gysganarsyň. Emma, “Ene, dur beýle kökenek bolma, “Oglum!” diýip allalanyň kim bolup ýetişjegini näbilýäň?” diýebilmersiň. Diýäýeňde-de ene seni asla diňlemezem. O söýgi, mähir oňa Alla tarapyn berlendir. Perzendem enesini şol söýgüniň ondan biri ýaly söýüp bilsedi, belki-de ýer ýüzünde näletkerde ogul galmasa-da galmazdy. Enäniň gara bagry şeýle ogullardan ýanmasa-da ýanmazdy…

Bir yanıt yazın