Ene adamzat dünýäsiniň barlyk sütüni bolup, hemmämiziň göz guwanjymyzdyr. Biziň barymyz olara bergilidiris we näçe jan etsek-de olaryň bize eden ýagşylyklaryny yzyna gaýtaryp bilmeris. Biz elmydama olaryň ýanynda pespällik bilen boýnumyzy burup, olaryň aýdanyny iki gaýtalatmajak bolmalydyrys.
Ene, özüniň ruhundaky inçelik bilen, merdi-merdanlary haýran galdyrýan mähir gahrymanydyr. Ol şeýle näzik, ejiz bolmagyna garamazdan balasyna bir howp abanaýsa, peleňe öwrülip, jigerbendiniň gorag galasy bolar.
Şu asman-zemin arasynda näme bar bolsa, enäniň mertebesi şolardan beýikdedir
Jennete eltýän ýol hem olaryň dabanlarynyň astyndadyr. Alla kitabynda olara şeýle uly baha berýär welin, Ýer ýüzüniň bar genji-hazynasyny hem olaryň mertebesine deňäp bolmaz. Onsoň hem onuň dabanynyň astynda ornuny tapyp bilmedik başlaryň hem hiç bir gadyr-gymmaty ýokdur.
Eý, ruhlar deýin näzik, perişdeler mysaly päkize we arş deýin beýik gymmatly barlyk! Syrly älemde saňa örän uly baha berilýär. Seniň şan-şöhratyň perişdeleriň arasynda belli. Seniň durmuş mukamyň, jennetiň jülgelerinde ýaňlanýar. Biz mydama seniň hyzmatyňa taýyn. Şu barlyk äleminde sen biziň göz guwanjymyz.
Alla kyýamat daňynda seni özüniň nury bilen nurlandyrsyn. Görjegiň diňe gowulyk, gelejegiň aýdyň bolsun.