Çagalaryny iňňän gowy görýän Bob atly biri bilen tanyşmak miýesser etdi. Onuň aýalynyň hem çagalaryna bolan söýgüsi kakasyndan kemterlik edenokdy. Çagalarynyň bir aýdanyny iki gaýtalatman, ylgaşlap diýenlerini ederlerdi. Olary gözüniň göreji ýaly goraglap, başyna bela gelmesin diýip, yzynda hozanak bolar ýörerdiler.
– Ylgamaň, derlärsiňiz, bökmäň ýykylarsyňyz! Köçä çykaýmaň azaşarsyňyz!
Bu sözler çagalaryň gulagynda ýaňlanyp, adatylaşypdyr. Maşgala bolup piknige gidilende, ýa-da gyrda gezilende hökman çagalarynyň ellerinden tutup, olara erkinlik bermezdiler.
Çagalaryň ejeleriniň arassaçylyga üns berşi çendenaşady. Ony synlan “arassaçylyk hassalygyna” duçar bolupdyr diýip pikirlenerdi. ,,Çagalarym üst-başyňy hapalamasyn” diýip, naharyny-da özi iýdirer, hajathana-da özi äkiderdi. Bütin islegleriniň ene-atasy tarapyndan ýerine getirilen çagalar emelsiz, gowuşgynsyz we bihepbe bolup ýetişdiler oturyberdiler. Başyna bela geler gorkusy bilen ýalňyz galyp görmedik hem-de ölçegsiz söýgi bilen gurşalan, yzygiderli duýduryşlar bilen ulalan çagalar gorkaga we ürkege öwrülipdi. Özbaşyna galaýsalar iňňän ýönekeýje bir işi hem amal edip bilenokdylar. Dükandan iýjek çöregini getirmek beýlede dursun,daşaryk-köçä çykmaga ýaýdanar durardylar.
Daň ertirden her haýsy bir zat sorap ugrardylar
– Eje, balagymy geýdiräý
– Kaka, jorabymy tapamok
– Eje, hajathana gidesim geldi
– Kaka, el-ýüzümi ýuwduraý
Çagalar şeýle bir nalajedeýin,şeýle bir bihepbä öwrüldiler welin, heý, goýaý, ene-atasy haýsynyň dadyna ýetişjegini bilenokdy. Bularyň her birine hyzmatçy gerek boljakdy. Öýlerinde hyzmatçy bardam welin, ýöne çagalaryňam sany altydy.
Ejeleri bolsa goňşylaryna dert ýanardy, olaryň çagalaryna gözi giderdi.
– Siziň çagalaryňyz örän göwnejaý, öz işlerini özleri edýärler. Biziňkileriň dagy näzi janyňy alyp barýar. Eger men bolmasam dagy şkafdan tabagy alyp, öňüne goýmazlar. Aç oturarlar. Adatdakysyndan bir sagat dagy gijigip turaýsam ,,wähde-wäh” bolşup açlykdan süýnüp ýatybererler.
ONY ÝEKE GOÝMAŇ
Wesli iki ýaşyna ýetende ejesi bilen kakasy aýrylyşypdy. Wesli ejesiniň ýanynda galmaly edildi. Ejesi barlykly maşgalanyň gyzy bolanlygy üçin kem zady ýokdy. Işlejek bolup hem duranokdy. Bütin gününi gyzyna sarp edýärdi. Ony gözüniň göreji ýaly gorap, ondan ünsüni sowmazdy. Çagasy ejesiniň bu häsiýetinden bezigip, däliräre gelipdi. Ne-hä bileje oýnajak dogany ,ne-de joralary bardy. Daş töweregi eje bilen gabalypdy. Çagajyk köçä-de çykyp bilenok, isleýşi ýaly ýügrüp hem bilenokdy. Ejesi ony öz ýanyndan uzaklaşdyranokdy.
Mekdep ýaşyna ýetende-de, onuň ähli işleri bilen ejesi gümrady.
– Goýaý gyzym,ony özümjik oňararyn, janym gyzym meniň, ýekejäm!-diýip ýüzlenerdi.
Wesli okuwyň ilkinji gününden altyn kapasadan sypan, uçmagy unudan guş kibi aljyraňňydy. Ejesinden aýrylyp görmedik Wesli onuň eline berk ýapyşyp, ony goýberesi gelenokdy.
Hut şonuň üçin hem okuw ýylynyň birinji hepdesiniň tamamlanmagyna seretmezden, Wesli synpda ejesi bilen bile otyrdy.