Şu wagta çenli men çaga beýnisiniň maglumaty özüne siňdirmekdäki ajaýyp ukybyny beýan etdim. Elbetde, çaganyň beýnisi ösüşiň bu döwründe berlen ähli zady mehaniki ýagdaýda özüne sorup alýan maşyna meňzeş, ol entek maglumaty saýlap almaga we oňa düşünmäge ukyply däl.
Emma bahym wagty gelýär-de, çaga özbaşdak netijä gelmek ukynyna eýe bolýar, ýagny beýniniň kemala gelen akyl-paýhas enjamyny peýdalanmaga ukyply bolan bölegi ösýär. Bu ýagdaý üç ýaş töwereginde bolup geçýär diýlip hasaplanylýar. Hut şol döwürde-de çagany nädip we näme bilen gyzyklandyrmaly diýen sowal ör-boýuna galýar. Körpe özi üçin gyzykly bolan zatlary nebsewürlik bilen ýatda saklaýar. Beýleki ukyp-başarnyklar hem kämilleşmäge başlaýar — ol eýýäm nämedir bir zady döretmegi, amala aşyrmagy isläp biler; bular akyl- paýhasyň ösmegi we häsiýetiň kemala gelmegi üçin wajypdyr.
Siz çagalaryňyz hekaýalary we ertekileri okap berýärsiňiz, hatda olar heniz okalanlardan az zada düşünýän bolsalar hem, şeýle edýärsiňiz. Çagaňyz olary köp gezek gaýtalap diňleýär, eger siz ünssüz okasaňyz, ol bada-bat ýalňyşyňyzy tapýar. Çaga körpelere niýetlenen eserleri we ertekileri örän anyk halda ýat tutýar, ýöne bu takyklyk düşünmege däl-de, assosiatiw huşa esaslanýar diýip bolar.
Soňra çaga üçin bu eserleriň haýsydyr biri gyzykly bolup başlaýar, onsoň ony özüniň okasy gelýär. Hatda ol elipbiý tanamasa-da, ol eşiden wakalaryny kitapdaky suratlar bilen degşirip, entek okamagy başarmaýan harplaryny sünnälik bilen yzarlap «okaýar». Hut şol döwürde çaşa tutanýerlilik bilen dürli harplaryň manysyny sorap başlaýar. Şeýle erjellik görkezmegi onuň akyl ýetirişe ägirt uly gyzyklanmasynyň subutnamasydyr.
Üç ýaşa çenli döwürde özüni gyzyklandyrýan zady öwrenmek çaga üçin müşgil däl, şunlukda sarp edilen energiýanyň we güýjüň mukdary sizi biynjalyk etmeli däldir.