You are currently viewing Biparhlygyň netijesi

Biparhlygyň netijesi

Agşama çenli iki tarapa ylgap ýadapdym. Agşamky bejeriş hyzmatlaryny gutaryp çaý içmegiň ugruna çykypdym. Sebäbi günüň dowamynda ilkinji gezek çaý içmäge wagt tapypdym. Otagyma girenimde goňşy otagdaky şepagat uýasynyň telefony jyrlaýardy. Göwünli-göwünsiz baryp telefony aldym. Telefondaky ses ýol heläkçiliginiň bolandygyny habar berýärdi. Heläkçilige uçranlaryň ýetginjeklerdigini, “Tiz kömege” mätäçdigini aýdýardy. Bu habary eşiden badyma bar ýadawlygym zym-zyýat boldy. Alňasap barşyma nobatçy hekimiň telefonda gürleşýän sesi eşidilýärdi. Beýni operasiýasyna jogapkär hekimiň çalt gelmegini talap edýärdi:

– Näme etmeli? Indi olar ölmelimi? Gelmäge mejbursyňyz!

– …

– Möhüm işiňiz meni gyzyklandyranok. Beýle bolsa, nobatçylygyňyzy çalyşmaly ekeniňiz!

– …

Çaltlyk bilen “Tiz kömek” ulagyna münüp, heläkçiligiň bolan ýerine ugradym.

Aglaýan haýsy, ylgaýan haýsy. Ýakynlaryny gözleýän bir topar adam bardy. Şeýle başagaýlykda gyrada ýatan agyr ýaraly ýigdekçe ünsümi çekdi. Ýakynlary eşitmedik bolara çemeli, ýalňyz ýatyrdy. Beýnisini operasiýa etmelidi. Jogapkär hekim gelmänsoň, alaçsyz garaşmalydy. Özüme degişli kömegi edip, onuň bilen gürleşmäge başladym. Gepime düşünýärdi, ýöne gürläp bilenokdy. Ony ýalňyz goýmak islämokdum. Onuň haly gitdigiçe erbetleşyärdi. Ellerimi mäkäm gysymlap durşy “Ýalňyz goýma!” diýýän ýalydy. Gözlerindäki ýaş dänelerini görüp, çydam edip bilmedim. “Seni goýup, hiç ýere gitmerin” diýdim.

Bütinleý nätanyş ýigdekçäni özüme şeýle bir ýakyn duýýardym welin, onuň agyrylaryny hem deň paýlaşasym gelýärdi.

Onuň bilen näçe wagt bile bolanymy bilemok. Ol indi aramyzda däldi. Boljak iş bolansoň, jogapkär hekim peýda boldy. Ýetginjegiň ýüzüni açmagymy talap etdi. Merhumyň üstüne ýapylan örtügi galdyran badyma ol çiň arkan ýykyldy. Näme bolanyna düşünmedim.

Onýança beýlekilerem üýşdüler.

Bir oturylyşyk sebäpli hadysa ýerine gijä galan hekim ýerde ýatan ýetginjegiň kakasydy…

Bir yanıt yazın