Seminara bäş ýüz adam gatnaşýardy. Dokladçy birdenkä säginen ýaly etdi-de, gatnaşyjylaryň hemmesinden indiki aýtjaklaryny berjaý etmegi sorady.
Her kime bir sany şar paýlap çykdy we şol şarlara öz atlaryny ýazmalydygyny düşündirdi. Soňra şarlaryň ählisini jemläp bir otaga gabadylar. Seminara gatnaşyjylary hem şarly otaga saldylar-da, bäş minudyň dowamynda her kimiň öz adyny ýazan şaryny tapmalydygyny aýtdylar.
Başlady bir tutda-baslyk. Biri-birini iteleýän haýsy, biri-birini basalaýan haýsy. Adamlar öz atlaryny tapjak bolup uly basga galdylar.
Bäş minut geçeninden soň hiç kim öz adyny tapyp bilmedi. Onsoň dokladçy: «Her kim eline bir şar alsyn we şaryň üstünde kimiň ady ýazylan bolsa, şol şary şoňa bersin» diýdi. Sanlyja salymyň içinde her kim özüniň ady ýazylgy şaryny tapdy oturyberdi.
Dokladçy sözüni jemläp şeýle diýdi: «Durmuşda-da ýagdaý şeýleräk. Adamlar öz bagtynyň gözleginde, emma olar şunça urunsalaram bagta ýetip bilenoklar. Aslynda bolsa biziň bagtymyz özgäniň bagtynda ahyry. Adamlara bagt paýlaň. Ana şonda siziň hem bagtyňyz gelip sizi tapar. Galyberse, ömrüň manysy hem şonda dälmi eýsem! Ömrüň manysy adamlara bagt paýlamakdadyr».
Tiffani Mur