Bir kitap aşygynyň bu mowzuk bilen baglanyşykly ajaýyp setirlerini geliň bile okalyň:
“Kitap okamak bilen kitaba eýe bolmak ýa-da kitap satyn almak arasynda düýpli tapawut bar: Elbetde, kitaby soňky sahypasyna çenli okap gutarmak, okap, düşünip, ondaky pikirleri we wakalary derňäp, sapak almak her kişiniň işi däl. Ýöne şeýle-de bolsa, men ynsanlarda kitap söýgüsini, kitaba bolan mähirli garaýşy oýarmak arkaly oňyn netijeler gazanmagyň mümkindigine ynanýaryn. Meselem, kitap bilen ýaşamagy nysak (moda) edinip bileris. Otaglarymyzyň içki bezeginde kitabyň, kitap tekjesiniň bolmagyny hökmany şert hasaplap bileris. Dogrusy, indi öňkülerim ýaly witrinalaryny, tekjelerini santimetrläp ölçäp, şoňa deň gelýän kitap alýanlary tankyt etmeýärin. Her nähili hem bolsa, kitap bilen ýaşamagyň, ak sahypalaryň ýüzüne gara syýa bilen ýazylan şol gudratly gymmatlyk bilen bile bolmagyň gözelligine ynanýaryn. Kitap satylsyn we çaphanalar, ýazyjylar girdeji edinsin diýip däl, kitabyň bilimi, aň-düşünjäni giň köpçülige ýetirmek we ýaýratmak üçin iň arzan, iň amatly serişdedigini göz öňünde tutup, şeýle bolmagyny isleýärin.
Hiç kitap okamaýan biri, iň bolmanda kitaphanasynyň tekjelerinden kitap sahaplaryny synlasyn ýa-da eline alyp, syýanyň ysyny alyp dursun diýýärin. Öý bikesi kitaplaryň tozanyny süpürýärkä onuň mundan lezzet almagyny isleýärin. Bu lezzeti näçe giň ýaýradyp bilsek, bir gün kim-de bolsa biri gelip ol kitaplary okar we bu arzuwyny edýän gözelligimiziň başlangyjy bolar.
Kitap bilen şeýle ýakynlygy ýola goýup bilen wagtymyz, kitaplar baýram eder we ruhy dünýämize – köňül dünýämize ýagtylyk bolup dolar. Şol dem tümlükler paty-putusyny ýygnap, biziň dünýämizden göçmeli bolar; içimizdäki erbet duýgular päk duýgularymyza boýun eger… Kitabyň çagyryşy ýaňlanar we wagt ynsan ömrüni gemirýän gural bolmakdan çykar, ynsany ebedi bagtyýarlygyň gapysyna eltýän ajap ýola öwrüler…”
Kitapdan üzňe jemgyýet pikirsiz jemgyýetdir. Pikirsiz jemgyýet bolsa, sözüň hakyky manysynda jemgyýet bolman, başly-barat umumylykdyr. Maksatsyz, dertsiz, aladasyz we hemişe başgalaryň maksadyna hyzmat edýän umumylyk…
Biz beýle jemgyýet bolmaly däldiris. Çünki medeniýetimiz bizi kitaba çagyrýar, bize “Oka!” diýýär, Aňyny ýitiren jemgyýet bolmak islemeýän bolsak, kitabyň ýagtylygyny, parlaklygyny we ýylysyny süňňümize siňdirmegimiz zerur.