Kitap – paýhas bossanyndan ýygylan bir desse gül, düýn bilen ertir arasynda ençeme öwrümli kötel ýoluň ýolagçysy bolan ynsanyň elinde ýagtylyk saçýan çyragdyr.
Ynsanyň yşgy – söýgüsi kitap… Kitapsyz ýaşaýyş we kitapsyz ynsan topraga düşmedik tohum kibidir. Kitabyň şypaly yklymyndan uzaklaşan diýarlar öli ýerlerdir. Kitapdan üzňeleşen dünýä, azgyn pikirleriň gysajynda dowzahy nazarlap barýar diýmekdir…
Kitap belent wadalar bilen ynsanlary özüne çagyrýar. Ynsanlaryň gollaryndan tutup, olary bagtyýarlyk ülkesine tarap ganatlandyrýar.
Bu gün goja Zeminiň umumy adamzat gymmatlyklarynyň esasynda täzeden şekillenmegi ynsanlaryň täzeden KITABYŇ ÇAGYRYŞYNA jogap bermeklerine, täzeden bu ummanyň kenaryna dolanmaklaryna bagly. Şonda ynsan nadanlygyň-jahalatyň tününi syryp, zulmuň soňuna çykyp biler; şonda bir şahsyň, toparyň ýa-da milletiň bähbidi üçin ýüzläp-müňläp maşgala ojaklary ýumrulmaz, ýar-ýardan, ata-ene perzentlerinden jyda düşmez; şonda aň-düşünjäniň, birek-birege hormatyň, hoşniýetliligiň tugy parahat asmanda buýsanç bilen pasyrdar…
Geliň bu çagyryşa sesleneliň! “Kitabyň çagyryşyna” uzadalyň elimizi…
Zamanamyz kitap bilen joşsun… biz hem kitap bilen joşan zaman bilen joşalyň.
“Başarmarys!” diýmäliň. Kitap bilen dost bolmaga täzeden synanyşalyň. Ilki bilen oňa ýakynlaşalyň, oňa eltýän ýoldaky ähli päsgelçilikleri mertlik we dözümlilik bilen birin-birin aşalyň. Onuň ýylysyny, mährini gözläp tapalyň. Ynha görersiňiz, onuň mähri ähli buzy-gary eredip biljek güýje eýedir.