You are currently viewing “Dopamin Duzagy: Ekran Endikleri Beýnimizi Nähili Gurşap Alýar?”

“Dopamin Duzagy: Ekran Endikleri Beýnimizi Nähili Gurşap Alýar?”

Ilkibaşda akylly telefonlaryň iň uly oýlap tapylan gural, sosial mediýanyň bolsa adamlary biri-birine ýakynlaşdyrýan aýratyn bir köpri hökmünde görülýän günleri ýadyňyzdamy? Şol joşgun bilen tehnologiýany gujakladyk, ýöne munyň biz adamogluny nirelere eltip biljekdigini hiç pikir etdikmi? Emeli aňy we akylly enjamy öwüp ýörkämiz, öz aklymyzy nähili täsirli ulanýarys? Hemişe baglanyşykda bolmagyň üstümizdäki täsirini duýup bilýärismi? Gönimel tehnolgik täzelikleri özleşdirişimiz ýaly, hiç durup özümize şu soragy berýärismi: Bu hakykatdan hem durmuşymyzy gowulandyrýarmy? Telefona seretmezden bir günüňi geçirip bilermisiňiz? Iň möhümi, sanly dünýäniň çäksiz we zerur bolmadyk kontentlar aýratyn-da ýaşlaryň aňynda nähili ýaralar açýandyr?

Bu soraglar indi diňe filosofiki çekeleşikleriň obýekti bolmakdan çykdy. Ýaşlaryň ruhy saglyk meseleleri görlüp-eşidilmedik depginde artýar we köp hünärmen bu ýagdaýy gönüden-göni giper-baglanyşykly dünýämiz bilen baglanyşdyrýar. “Beyniň çüýremesi (brain rot)” diýen düşünje, ýagny üns bermek, çuňňur pikirlenmek we daş-töweregimiz bilen manyly aragatnaşyk gurmak ukybymyzyň gowşamagy indi äsgermezlik edilip bilinjek mesele däl. Sosial psiholog Jonathan Haidt täze işlerinde belleýşi ýaly, çagalyk döwrüniň düýpli üýtgemegi hemmämizi aladalandyrmalydyr.

Global Bir Howp: Ruhy Saglyk Krizi

Ýaşlaryň ruhy saglygy dünýä derejesinde çynlakaý krizis içindedir. 2010-njy ýyllardan bäri depressiýa, alada, özüne zeper ýetirme we öz janyna kast etmäge synanyşma çalt ýokarlanýar. Aýratynam, ejiz toparlara degişli ýaşlar has köp zyýan çekýär.

Hünärmenler bu kriziň baş sebäpleriniň biriniň sosial media bolup durýandygyny belleýärler. Haidt bolsa 2024-de çykan kitabynyň içinde çagalygyň telefon we akylly enjam merkezli bolmagynyň, şeýle hem aşa goragçy ene-atalygyň ýetginjekleriň sosial we akyl ösüşine ýaramaz täsirini ýetirýändigini aýdýar.

Takmynan 30 ýyllyk mugallym bolup, men bu üýtgeşmäni okuwçylarymda açyk görýärin. Öň 20 minutlap ünsüni jemläp bilýän ýaşlar indi 1–2 minutdan soň bizar bolýarlar, sabyr we sebat ýaly gymmatlyklary ýitirýärler, kyn meseläni çözmek ýa-da çuň pikirlenmek ýaly ukyplaryndan mahrum bolýarlar. Bu krizis ýaşlaryň gowşak bolmagyndan däl-de, dürli psihiki basyşlardan, geljek aladasyndan we tehnologiýa hem sosial mediýadan gelip çykýar. Şeýle-de ruhy saglyk baradaky habardarlygyň ýokarlanmagy we kesgitleme kriteriýalarynyň giňelmegi hem statistikalary ýokarlandyrýar.

Sanly Sarp Ediş Beynimizi Nähili Çüýredýär?

Oxford University Press 2024-nji ýylyň sözi hökmünde “beyniň çüýremesi” düşünjesini saýlady. Bu ýagdaý sanly sarp edişiň ýaşlarda akyl güýjiniň aşa pese gaçmasını aňladýar. Adamlar wajyp däl onlaýn mazmunlara uzak wagtlap sezewar bolmagyň täsirini düşündirmäge kynçylyk çekýärler, şonuň üçin bu düşünje çalt ýaýrap başlady.

Beyniň çüýremesiniň arasynda zehin saglygynyň pese gaçmasy, ünsüň gysgalmagy we çylşyrymly pikirler bilen meşgullanmakda kynçylyk ýaly alamatlary sanamak bolar.

Her näçe bu düşünje soňky döwürde giňden maslahat edilýän bolsa-da, muňa degişli duýduryşlar öňdenem bardy. Sosial mediýanyň hödürleýän çalt we gysga mazmunlary dessine dopamin çykaryşyny döredýär, ýöne çuň pikirlenmäni we manyly aragatnaşyga päsgel berýär.

Ekranlar we Sosial Media Bilen Şekillenen Nesil

Jonathan Haidt-iň barlaglary akylly telefonlaryň giňden ýaýramagy bilen, ösen ýurtlarda ýaşlaryň ruhy saglyk meseleleriniň 2010-njy ýyldan soň çalt ýokarlanandygyny görkezýär. Sosiýal gatnaşyklar, uky ýetmezçiligi, ünsüň bozulmagy we aýrylmaz endikler ýüze çykan iň aýdyň meselelerdir. Ýaşlar dostlary bilen ýüzbe-ýüz has az wagt geçirýärler, az uklap, has az ýakyn dostluklar gurýarlar.

Bu kriziň sebäpleriniň arasynda tehnologiýa kompaniýalarynyň, diňe öz bähbitleri üçin, ulanyjylarynyň saglygyny äsgermezden olaryň wagtlaryny ekranlarda has köp sarp etdirme isleglerini hem belläp bolar. 2021-de “Facebook” ulanyjy skandalyny we Meta-nyň Instagram syýasaty munuň mysalydyr.

Haidt, şeýle hem bu krizisi “aşa goragçylyk” düşünjesi bilen baglanyşdyrýar. Ene-atalaryň aşa seresaply bolmagy, çagalaryň berkligini ösdürmäge päsgelçilik edýär. Öňki döwürde däp bolan oýunlar ýaşlaryň kynçylyk bilen başa çykmak başarnygyny ösdürýärdi, ýöne artan ekran wagtlary we goragçylykly çemeleşme, bu tejribeleri peseltdi.

Onuň çözgüt teklipleriniň arasynda mekdeplerde telefonsyz syýasat, akylly telefonlaryň ulanylyşyny gijikdirmek we döwlet bilen kompaniýalaryň has berk düzgün girizmegi bar. Ýöne orta goýulan düzgünnamalar, belli bir tarapyň garşylygy sebäpli bu çäreler köplenç durmuşa geçmeýär.

Telefon Çäklendirilende Näme Bolýar?

2024-de Angliýanyň Colchester şäherindäki Stanway mekdebinde akylly telefon çäklendirilende nähili täsirleriň bolýandygyny görmek üçin barlag geçirildi. York uniwersitetiniň alyp baran bu işinde 8-nji synp okuwçylary 21 günläp telefonsyz ýaşamaga razy boldular. Netijeler täsin boldy: okuwçylaryň ir ýatmalary ýe uky wagtlary uzaldy, depressiw duýgulary %17, alada derejesi %18 peseldi. Fiziki saglyk ýagdaýlary hem gowulandy. Ýady %3 ýokarlandy, ýöne ünsüň dowamlylygy özgermändi. Bu ýagdaý uzak möhletli çäreleriň gerekdigini görkezýär. Endigiň dowamly bolmagy üçin iň az 40 gün gerek diýilýär.

Bu netijeler telefonlaryň ýaramaz täsirleriniň yzyna gaýtarylyp bilinjekdigini görkezýär we berk çäreleriň ähmiýetini tassyklaýar.

Sanly Asyrda Zehin Durulugy we Akyl Asudalygy

Gelejekde alymlaryň bellemegi bilen ýene bir iň esasy adamzady garaşýan betbagtçylygyn biri, tehnologiýa endiginiň şeýle giňden ýaýramagy we munyň esasynda köpçülikleýin Alzaýmer hassalygynyň köpelmegi diýip belläp bolar.

Akllymyzy uly kitaphana ýaly göz öňüne getirip bileris. Kitaphana nähili wagtal-wagtal abatlaýyşdan geçmegi zerur bolsa, akyl hem gereksiz maglumatlardan saplanmaga we tertibe salynmaga mätäçdir. Sanly mazmunlaryň beýnimize çäksiz we süzgüçsiz akmagy wagtyň geçmegi bilen zehin bulançaklygy we akyl maglumat petekleriniň zeper yetmegine eltyär.

Maglumat petekleriniň dolmagy pikir ýöredişlerimizi hem üýtgedýär; sosial mediýanyň adamlary ýüzleý pikirlenmäge itermegi wagtyň geçmegi bilen häsiýetimize öwrülýär, üns jemlemäge we çuň pikirlenmäge päsgel berýär.

Bu ýagdaýda zehin durulugy we akyl asudalygyny nähili saklamaly? Sanly dünýäden bütinleý daşlaşmak mümkin däl. Esasy zat, sarp edýän maglumatymyz bilen oýlanyşykly gatnaşyk gurmak we akyl dünýämize nämeler kabul etjegimizi seresaply saýlamakdyr. Bu döwürde gündelik gabat gelýän maglumat mukdarymyz şonça köp welin, olaryň hemmesini manyly görnüşde işläp bilmeris. Şonuň üçin öýlerimizi arassalaýşymyz ýaly, akyllarymyzy hem wagtal-wagtal ýönekeýleşdirmelidiris.

Deňagramlylygy Tapmak we Çözgüt Ýollary

Bu kynçylyklar öňünde esasy hakykaty kabul etmeli: tehnologiýa we sosial media indi durmuşymyzyň aýrylmaz bölegidir. Çözgüt – bu serişdeleri bütinleý taşlamak däl-de, olar bilen sagdyn arabaglanyşyk gurmakdyr.

Bu babatda 3 görnüşde çäreleri belläp geçmek mümkin:

1. Şahsy derejede:

  • Aklymyzyň sanly zibil bilen dolandygyna aň yetirmek.
  • Sosial mediýa ulanmagy çäklendirilmeli.
  • Erbet hasaplar gözden geçirilmeli.
  • Belli wagtlarda ekrandan uzak durmak, çuň pikirlenmek üçin wagt aýyrmak.

2. Maşgala derejesinde:

  • Her üýtgeşme maşgaladan başlar. Ene-atalar nusga bolmaly.
  • Agşamlar maşgala söhbetleri gurnalmaly.
  • Çagalar özüni gymmatly duýmaly.
  • Tehnologiýa “ýagşy” ýa-da “erbet” diýip ýerine, dogry ulanylyşyny öwredilmeli.
  • Maşgala çärelerine üns berilmeli.
  • Ýaşa görä peýdaly mazmun maslahat berilmeli.

3. Jemgyýet we syýasy derejede:

  • Mekdeplerde telefon çäklendirilmegi goldanylmalı.
  • Sanly sowatlylyk programmalary giňeldilmeli.
  • Manyly mazmun goldanylmaly, zyýanlylary şikaýat edilmeli.
  • Döwletler we kompaniýalar bilelikde tehnologiýany adam bähbidine ulanmagy üpjün etmeli.

Tehnologiýa bütinleý garşy çykmany emma özimizi hem onyň jadyly güýjüne aldanmany deňagramly ulanmak hökmanydyr. Ýaşlaryň ruhy taraplaryny baýlaşdyrjak mazmunlar öndürmek we dogry sanly neşirlere goldaw bermek hemmämiziň jogapkärçiligimizdir.

Sosial mediýanyň diňe howply taraplary däl, eýsem mümkinçilikleri hem bardyr. Adalatsyzlyklary beýan etmek, kömek çagyryşlaryny ýaýratmak we täze aragatnaşyk gurallaryny döretmek ýaly peýdaly taraplary-da bar. Mesele – ony näme maksat bilen we nähili möçberde ulanýanymyzda. Tehnologiýa bize hyzmat etmelidir, bizi ýesir almaly däldir. Maşynlary akyllandyrmaga gidýän güýç we serişde, Hudaýyň adama beren ukyplaryny has peýdaly ulanmagyna gönükdirilmelidir. Akyl saglygymyzy gorap, sanly mümkinçilikleriň oňyn taraplaryny peýdalanmak bilen adam mertebesini we eradasyny beýgeldýän geljek gurmak mümkindir.

Çeşmeler

  • “Youth Mental Health Crisis”, https://en.wikipedia.org/wiki/ Youth_mental_health_crisis
  • Rahimi, R. “Oxford’s Word of the Year Is a Modern Condition Familiar to Most of Us”, https:// en.wikipedia.org/wiki/Youth_ mental_health_crisis
  • Haidt, J. The Anxious Generation: How the Great Rewiring of Childhood Is Causing an Epidemic of Mental Illness, Penguin Press, 2024.
  • “School Smartphone Ban Results in Better Sleep and Improved Mood”, https://shorturl. at/FCCLE (11.12.2024)
  • Dokumental film: Swiped: The School That Banned Smartphones, Matt ve Emma Willis sunumuyla.

Bir yanıt yazın