Bilşiňiz ýaly biziň her birimizde wagtal-wagtal aladalanma, gorky duýgulary bolýar we bu duýgularyň netijesinde-de örän köp psihologiki birahatlyklara sezewar bolýarys. Emma welin bu gorky we fobi duýgularyndan gutulmak ýagny gowulaşmak bolsa ulu adamlara seredeniňde çagalarda has kynyrak bolýandyr. Sebäbi çagalykda ornaşan gorku duýgusy birneme çylşyrymly bolýar. Ýagny çagalaryň bu duýgulary akyl we logika taýdan kontrol etmek we aladanyň güýjüni azaltmak üçin gerekli bilimleri we tejribeleri ýokdur. Biz ulular, köplenç çagany gorkuzýan zat ähmiýetsiz diýip hasaplaýarys, ýöne çagalyk gorkusyna has çynlakaý çemeleşmelidiris. Eger çagalyk gorkusyna ähmiýet berilmese we çaganyň gorkusyny ýeňmegine we kontrol etmegine ýardam berilmese, ulalanda çaga hakyky uly saglyk näsazlyklary bilen garşylaşyp biler. Şol sebäpli şuňa meňzeş meselelere has hem ünsli seretmelidir.
Biz ilki bilen gorky we fobi duýgulary nädip emele gelýär, şoňa seredeliň. Esasanam adamlaryň çagalyk döwründe belli ýaş aralyklarynda, käbir gorkylary döredýän düşünjeleri, duýgulary bolýar. Bu duýgularyň döremeginde esasy täsir edýän faktorlar; maşgala we daş töweregindäki bolup geçen wakalar sebäp bolýar. Mundan başga-da belli ýaş döwürlerinde çagalarda tebigy ýagdaýda belli düşünjeler bolýar we şol düşünjeler çagalaryň gorky duýgularyna sebäp bolup bilýär.
Belli ýaş döwürlerinde emele gelýän gorkular umuman aşakdakylar ýaly bolýar:
- 0–1 ýaşda: ejeden aýralyk gorkusy, nätanyş adamlardan ýadyrgamak, lukmanlardan, sanjymlardan, sesden (ýiti we garaşylmadyk sesler) gorkmak, suw gorkysy ýagny çagalary ýuwundyran mahaly bolýan gorky.
- 1 ýaşynda: Ömrüniň ikinji ýylyna gadam basanda, çagalar ýalňyzlykdan we nätanyş adamlardan gorkup biler.
- 2-3 ýaşynda: Ulylar tarapyndan jezalandyrylmak gorkusy, haýwanlardan, beýikliklerden we hereketlendiriji ulaglardan gorkýarlar.
- 4-5 ýaş aralygy: erteki gahrymanlaryndan ýa-da islendik çeper keşplerden gorkmak, garaňkylyk, ýalňyzlyk ýaly gorkulary .
- 6-7 ýaşynda: ölümden gorkmak duýgysy başlanýar, ýagny daş töweregindäkileriň we ýakyn hossarlarynyň ölmesinden örän gorkarlar, haýwanlardan, erbet düýşlerden, otdan gorky, garaňkylyk we arwahlardan gorkma duýgulary bolýar.
- 8-10 ýaşynda: mekdep gorkusy agdyklyk edýär (mekdebe gijä galmak; tagtada jogap bermekden gorkmak; synag işinden gorkmak; mugallymlardan gorkmak; käýinç). Başga dünýäden gorkmak, kynçylyklardan gorkma duýgulary emele gelýar.
- 11-16 ýaşynda: ölümden, uruşdan, elementlerden, hüjümden gorkmak, çynlakaý bir zat bilen kesellemekden gorkmak, özüni subut etmekden gorkýar, üýtgemeginden gorkmak (bu ýetginjekleriň bedenindäki fiziologiki üýtgemeler bilen baglanyşykly) ýaly gorky duşunjeleri bolýar.
Eger-de bu ýaşlarda bu gorky düşnjeleriniň asyl sebäbini bilip we şoňa görä çemeleşen ýagdaýymyzda, çagalarda ulalan soňlar saglyk we psihologiki taýdan problemalar az duş geler. Eger kän üns berilmedik halatynda bolsa, gelejekde özlerine zyýan bererler we belli bir newrotik we psihoz keseller bilen garşylaşarlar. Eger-de çagalaryňyzyň gelejekde akyl taýdan sagdyn bolmasyny isleýän bolsaňyz, hökmany suratda ýokarda bellenilip geçilen ýaş döwürlerindäki meselelere örän üns berilmelidir.