Hatda bäş aýlyk bäbek hem Baha gadyr goýup biler

«Sony» firmasynyň kärhanalarynyň birinde çagalar bagy gurnalypdyr. Onda çagalaryň nähili sazy gowy görýändigini ýüze çykarmak üçin tejribe geçirilipdir. Ol garaşylmadyk netijeleri beripdir. Körpeler üçin iň maýyl ediji saz Bethoweniň 5-nji simfoniýasy bolupdyr! Ertirden agşama çenli telewizorda goýberilýän meşhur aýdymlar 2-nji orny eýeläpdirler, soňky orunda bolsa çagalar üçin niýetlenilen aýdymjyklar bolupdyr. Bu netijeler meni örän gyzyklandyrdy.

 

Biziň — ulularyň köplenç çagalaryň elýeterinden daşda goýýan klassikamyzy körpeler iň gyzykly saz hasap edipdirler. Eýsem, çagalar çylşyrymly simfoniýanyň gadyryny biler derejede zerur bolan üşükli halda, saza düşünýän ýagdaýda dünýä inýärmikäler? Doktor Şiniçi Suzukiniň gözegçiliklerini laýyklykda, eýýäm bäş aýlyk bäbeklere Wiwaldiniň konserti ýaraýar. Bu bir wakany ýadyma salýar.

Klassik sazyň uly muşdaklary bolan ýaş är-aýal täze doglan bäbeklerine her gün birnäçe sagatlap Bahyň 2-nji sýuitasyny diňledipdirler. Üç aýdan soň ol saza görä debşenekläp başlapdyr. Sazyň depgini tizleşende, onuň hereketleri hem has sazlaşykly hem işjeň hala geçipdir. Saz tamamlananda ol nägileligini bildiripdir. Körpäniň gaharlan ýa-da aglan halatynda, är-aýal bu szy goýberipdirler, onsoň bäbek derrew köşeşer eken. Bir gezek welin olar jaz aýtdyranlarynda, çagajyk çyrlap aglapdyr.

 

Sazyň çylşyrymly görnüşlerini kabul etmäge bolan ukyp — gudrat. Meniň ynanjyma görä, ýaponlaryň köpüsiniň günbatar klassyky sazlaryny kabul edip bilmeýändikleriniň sebäbi kiçilikde olaryň çagalara niýetlenen aýdymlardan we milli sazlardan başga hiç zat eşitmändikleri bilen bagly bolmaly.

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Google photo

You are commenting using your Google account. Log Out /  Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s