Asla terk etmeýäniň gözleginde

Gözlerimi ilkinji gezek ýagty jahana açanymda, başujymda ejem bardy. Maňa ýylgyryp seredýän gözlerini gördüm, ilki. Ýyly gujagynda mährini duýup süýji uka gitdim gör näçe gezek. Asla onsuz ýaşap bilmerin öýtdüm ilkiler. Soňsuza çenli onuň bilen bolaryn, asla aýrylmaryn öýtdüm. Ýalňyşypdyryn. Gün geldi, ykbal meni onuň ýanyndan has alysda bir ýerde garşy aldy.

Soňra, kakamyň merdemsi, ullakan eli ýadyma düşýär. Gabarçakly, işe werziş, gojaman elli kakam… Onuň ýanynda özümi has ynamly duýýardym. Ol biziň arkadagymyzdy. Eger birden ertekilerdäki döwler birin-birin garşysyna çykaýsa, kakamyň olaryň ählisi bilen söweşip, ählisini-de ýeňjekdigine, bizi olardan gorajakdygyna çaga kalbym bilen ynanýardym. Çünki ol biziň gözümizde şeýle bir güýçlüdi. Ýöne, ýene ýalňyşypdyryn. Ulaldygymsaýyn, onuň hem ýalňyşlyklarynyň bardygyna göz ýetirip ugradym.

Durmuşymda yz galdyran wakalar birin-birin göz öňümden geçýär. Bir gezeginde, operasiýa bolupdym. Lukmanlar kakama munuň örän howply operasiýadygyny aýdypdylar. Ömrümde ilkinji gezek giren şol otagymda, otagyň ortasynda turbajyklar bilen gurşalan bir stolda ýatyrdylar. Narkoz berlipdi we men gorky içinde, birnäçe sekunt soňra özümden giderime garaşyp ýatyrdym. Depämde ýanyp duran äpet yşyklar gözlerimi gamaşdyrýardy. Töweregime garanjakladym. Hiç bir tanyş ýüz ýokdy. Derman ysly otagda şprisleriň we sowuk enjamlaryň daşynda, bir mähir, bir ýylylyk gözledim. Dostlarymy, ýakyn garyndaşlarymy, tanyş ýüzleri görmek umydy bilen çyrpyndy ruhum, gitdigiçe agyrlaşýan we ýumlup ugran gabaklarymyň arkasyndan. Gaýdyp turmazlygym hem mümkin şol stoluň üstünde ýatanymdan, belki-de, köpüsiniň entek habary hem ýokdy. A, habary bolanlar näme? Birnäçesi operasiýadan soňra halymy soramaga geldi, elbetde. Emma, has öň… Şol pursatda?! Pyçagyň ujundaky ölümiň nepesini ýeňsämde duýan pursatym?.. Ýok. Anyk bilýän, ýanymda hirurglardan başga hiç kim ýokdy. “Bolubam bilmezdiler. Operasiýa pursaty içeri girmeklerine rugsat edilmezdi” diýjeksiňiz. Emma barybir, bu meniň kalbymy dilýän şol ajy hakykaty üýtgetmeýär.

Ýatlamalarym meni mekdep ýyllaryma äkidýär. Mekdep bosagasyndan ätlän ilkinji günümden bäri wagtymyň köpüsini bile geçiren, bile aglap-gülen dostlarym bardy. Öz maşgala agzalarymyza hem açmadyk syrlarymyzy paýlaşardyk biri-birimiz bilen. Bir-birimize şeýle bir öwrenişipdik welin, okuw ýyly paýawlanda göz ýetirdik aslynda aýralygyň hem hemişe bizden aýrylmaýan dostdugyna. Her ýyl soňky jaň kakylanda, 3 aýlyk dynç alyşa çykmagyň begenji bilen birlikde näbelli bir tukatlyk çökerdi içimize. Ara düşen aýralyk uzadygyça, birek-birekden has daşlaşýandygymyzy, üzňeleşýändigimizi duýardyk. Yzda, “Kalbyň ýaly päk şu sahypany maňa aýranyň üçin sag bol!” diýip başlaýan, her sahypasy yhlas bilen bezelen ýatlama depderleri galardy elimizde. Herimiz başga-başga dünýälere ýelken açardyk. Bizi başga-başga kenarlar garşy alardy. Täze başlangyçlar tesellisi bolardy her gezek soňlanyşlaryň.

Soňra, möhüm kararlar beren pursatlarym hyýalymda janlanýar. Soňra synaglarym, soňra ýadawlykdan stoly ýassyk edinip uka giden gijelerim… we oýlanýan: şeýle kän dost-ýarymyzyň, tanyş-bilşimiziň bardygyna garamazdan, durmuşda ýeke ýaşaýarysmy?

Hemişe adamlar bilen bile ýalysyň. Olar bilen şol bir howadan dem alýansyň. Eliňdäki çöregiňi paýlaşan pursatlaryň bolar jananlaryň bilen. Olar bilen ömrüň her pursatynda, her ädiminde bile bolaryn öýdersiň. Ynha-da, garaşman durkaň, käte bir düşünişmezlik, käte sähelçe öýke-kine, käte başga ýere göçmek ýagdaýy ýa-da ölüm habary ara düşüp, aýralygyň şarpygyny dadarsyň. Göýä, bedeniň aýrylmaz bir parçasy egsilen ýaly bolar. Emma soňra, muňa-da öwrenişersiň. Durmuş ýoluňda täze adamlara sataşarsyň, täze tanyşlar edinersiň. Ýene-de, hiç aýrylmajak ýalysyň. Wagtyň köpüsini olar bilen bile geçirýänsiň, ruhlaryňyz eriş-argaç bolandyr. Emma, kim bilýär, bu gör näçinji gezek aldanyşyňdyr?!

Hawa, haçan gapyňy kakjagy näbelli aýralyga çäre ýok. Bu sözlerimiň pessimizm bilen – ruhypeslik, sussupeslik bilen hiç hili baglanyşygy ýok. Kimdir birine asla aýrylmarys öýdüp baglananymyzda, eger ýene-de bir gün bir ýerlerde duşuşjakdygymyza ynamymyz bolmasa, şol ynam bize teselli bermese, her aýralyk durmuşymyzy zähere öwürmezmi?

Özüňe iň ýakyn hasaplaýan ynsanlaryň hem bir gün seni terk etjegini, aýralygyň bir gün ara düşjegini bilmek nähili kyn. Her elimi uzadanym salgym kibi menden uzaklaşýarka we kimdir birine soňsuza çenli ynanmak, sygynmak ruhumyň iň esasy zerurlygyka, asla meni ýalňyz goýmajak, nepesinden panylygyň, geçegçiligiň, ölümiň ysy gelmejek, ýakynlygy soňlanmajak birini gözleýän.

Ýüregimde parça-parça nagmalarym, ellerimde solan güllerim, kalbymda aýralygyň yzasy bilen, her pursatda — şat günümde, gamlananymda maňa menden ýakyn durjak birini gözleýän. Meniň halymy, dertlerimi menden oňat biljek birini…

Miweli daragtlarda gözleýän… Zemine ýagtylyk we ýylylyk çaýýan Kuýaşyň (gün) şöhlelerinde; ýagmyryň her damjasynda gözleýän. Dileglerimde gözleýän. Göklerde ýaňlanýan azanlarda gözleýän. Ýakynymdan, baş damarymdan has ýakynymdan gözleýän.

Ýer we wagt çäklendirmelerinden has alyslarda gözleýän. Her elimi uzadanym salgym bolup gözden ýitýärkä, yhlas bilen joşan ruhumyň çuňluklarynda gözleýän. Men gözledigimçe, ýylgyrýar gözleýänim, bilýän. Bilýän, men görmesem hem, Ol meni görýär. Men gözlesem hem Ol meni tapýar. Men unutsam Ol ýatladýar. Men ýalňyşsam Ol hatamy düzeldýär. Ähli özge bil baglanlarym birin-birin meni terk edende, sygynan kenarlarymy tolkunlar basyp alanda, Ol meni asla ýalňyz goýmaýar.

Bir tarapda soňsuz ejizligim, güýçsüzligim, çäkliligim; beýleki tarapda soňsuz maksatlarym, islegdir arzuwlarym. Ýaşly gözlerim bilen ýüzümi Oňa öwürýän: Özüne ynananyň hemişe ýanynda bolana, Özüne sygnany ýalňyzlyk girdabyna oklamaýana…

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Google photo

You are commenting using your Google account. Log Out /  Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s