Çagalaryň köp gaharlanmagynyň sebäpleri we psihologlaryň maslahaty

2-5 ýaş aralygyndaky çagalaryň çenden aşa köp gaharlanmagynyň esasy sebäpleri we bu babatda psihologlaryň berýän esasy maslahatlary.

Çagalar eýýäm dünýä gelenlerinden soň her dürli şertler bilen uýgunlaşyp kämilleşmäge we ulalmaga başlaýarlar. Ýagny her maşgalada maşgala agzalary arasyndaky gatnaşyklar dürli-dürli bolanlygy sebäpli, çagalaryň ählisiniň ruhy we aň-düşünje taýdan ösüşleri hem tapawutly bolýar. Ýagny käbir çagalar gaty gaharjaň, kabirleri bolsa örän yuwaş we sessiz bolup bilýär. Bu makalada 2-5 ýaşlar aralygyndaky çagalaryň  gaharlanmagyna esasy sebäp bolýan zatlaryň üstünde durup geçeliň.

Ýaş çagalarda ýiti refleksleriň we aşa duýgularyň yüze çykmaklygy çaganyň şahsyýetiniň kemala gelýänligi hökmünde düşündirilýär. Ýagny çaga ýaşyna baglylykda özüniň duýgularyny we isleglerini  görkezýär. Şol sanda gaharlanmak, öýkelemek ýaly duýgylaryny hem belli ýaş aralyklarynda her hili tapawutlylykda görkezýär.

  • Çaga bir ýaşyna çenli isleglerini diňe aglap beýan edýär. Bu ýaşda çaganyň aglamagynyň esasy sebäbi ajykmak, suwsamak yada ukysynyň gelmegidir. Şonuň ýaly hem ýadan wagty we bedeninde birahatlyk duýanynda özüniň isleglerini aglamak arkaly beýan edýär.
  • 2-3 ýaşda eýýäm çagada islegleri köpelip ugraýar we daş töwerigindäki tebigaty we bolýan wakalary tanap ugraýar. Netijede isleglerini gaharlanmak duýgysy esasynda gygyryp, dişläp we zatlary zyňyp beýan edýär.
  • 4-5 ýaşda bolsa çagalarda aglamagyň iň ýokary derejesi görülip, çaga köp zady aglap ýada gygyryp islemäge başlaýar.

Ýokarda agzalan esasy gahar – gazap duýgularynyň emele gelmesiniň sebäbi çagalaryň ruhy (psihologiki) taýdan her biri üýtgeşik bolýandyklary üçin, olar özleriniň isleýan we islemeýän zatlaryny dürli görnüşde beýan edýärler. Mysal üçin haçanda çagalara hossarlary tarapyndan ýeterlik üns berilmedik ýagdaýynda çagalar özleriniň isleglerini gaharlanmak ýada aglamak arkaly beýan edýärler. Ýada eger çaganyň beden ýada fiziki taýdan bir kemçiligi bolanda çaga bu derdini ýeterlik derejede düşündirip bilmeýänligi üçin gaharlanmak ýada aglamak duýgulary has güýçli bolýar. Bu ýagdaýlar ýüze çykanda çaga psihologlarynyň esasy berýän maslahatlary şu aşakdakylardan ybarat bolup durýar.

  • Asudalygy we rahatlygy gorap çaganyň esasy isleýän zadynyň nämeligini anyklamaga çalyşmak.
  • Duýgularyňyzy düşündürüp bilmek. Ýagny “saňa düşünýän, ýada şeýle zatlar isleýändigiňi bilýän, emma welin” diýip sebäbini düşündirmäge çalşyň. Çaganyň özüne duýgydaşlyk görkezilýänligini bilmegi möhümdir.
  • Birlikde arkalaşyp bilmek. Mysal üçin, bolup geçýän wakalar üçin gülkünç bir at tapyň we şeýlelik bilen çaganyň ünsi üýtgär we bir zady gaharly talap etmesi ýumşar.
  • Çagalara saýlap-seçmek hukugyny beriň. Mysal üçin kompýuterde köp oýun oýnan ýagdaýynda ýüze çykyp biljek peýda we zyýanlary düşündiriň. Çagalara bu şekilde edýän hereketlerinde peýda we zyýany anyklamaklygy we peýdaly bolanyny saýlamaklygy öwretmek diňe bir gahar-gazap duygylarynyň hötdesinden gelmegiň çäresi bolman, eýsem çagalaryň köpçülik ýerlerinde özlerini gowy alyp barmaklaryna hem oňaýly täsir eder.
  • Çagaňyza ötünç soramaga mümkinçilik beriň. Ýagny çagalar köplenç ýagdaýlarda özleriniň ýalňyş edýän zatlarynyň ýalňyşdygyna düşünmän öz hereketlerini dogry hasaplap bilýärler. Beýle ýagdaýlarda hökmany suratda ýalňyş bolan zatlary düşündirip ötünç soramagy öwrediň we talap ediň.

Şeýlelik bilen, ýokarda berilen maslahatlaryň ýerine ýetirilmegine garamazadan, çaga duýgularyny we isleglerini ýene-de gaharly beýan  edýän bolsa, bu ýagdaýda ulular çaga kömek etmek üçin sabyrly bolmaly we emosional deňagramlylygy üpjün edip, çaga psihologlaryna ýüz tutmalydyrlar.

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Google photo

You are commenting using your Google account. Log Out /  Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s