Çaga üçin «dokuza» garanyňda, «kepderini» ýatda saklamak has aňsat

 

Esli wagtlap görmedik iki ýaşlyja agtygym myhmançylyga gelende bolan bir ýagdaý ýadyma düşýär. Ol penjireden bakyp, neon yşyklaryndan çekilen ýazgylary maňa görkezdi-de, buýsanç bilen: «Ine, bu «Hitaçi», ol bolsa «Toşiba», anha» diýdi. Buýsanýanlygymy gizlemäge synanyşyp, agtygym iki ýaşynda eýýäm «Hitaçi» we «Toşiba» diýen hytaý iýeroglaflaryny okap bilýär diýen netijä geldim. Ejesinden onuň hytaý elipbiýini haçan öwrenenligini soradym. Şonda onuň «Hitaçi» we «Toşiba» diýen sözleri hytaýça okaman, söwda nyşanlaryny şekiller hökmünde ýadynda saklandygy we tanandygy belli boldy. «Agtygyny gowy görýän, akyly çaşan garry hökmünde» meniň üstümden güldiler, ýöne beýle ýagdaýyň köp kişi babatda bolup bilýändigine ynamym bar.

Ýakynda men Fujisawadan bolan, 28 ýaşly bir ejeden hat aldym. Ol hepdelik neşirden irki ösüş baradaky makalalar toplumymy okan eken. Onuň hatyndan 2,5 ýaşyndaky uly oglunyň iki ýaş töweregi wagtynda awtomobilleriň markalaryny ýatda saklap başlandygy barada bildim. Eýýäm birnäçe aýdan soň oglanjyk ýapon hem daşary ýurt awtomobilleriniň 40 töweregini atlandyryp bilýär eken. Käte ol hatda üsti örtülgi maşynlaryň markasyny hem aýdyp bilýär eken. Biraz öňräk bolsa, «Ekspo-70» telegepleşiginiň täsiri bilen bolsa gerek, ol dürli ýurtlaryň baýdaklaryny ýat tutup başlapdyr. Indi ol 30 ýurduň baýdagyny tanap hem dogry atlandyryp bilýär eken. Olaryň arasynda Mongoliýa, Panama, Liwan ýaly — baýdaklaryny ulularyň hem aňsatlyk bilen tanap bilmeýän ýurlary-da bar. Bu mysal ulularda köpden bäri bolmadyk bir aýratynlygyň çagalarda bardygyndan habar berýär.

Çaga zatlary keşbine görä tanamak ýaly ajaýyp ukyba eýedir, munuň seljerme usuly bilen hiç hili umumylygy ýokdur — muny çaga has soňrak öwrenýär. Çaganyň öz ejesiniň ýüzüni tanamaga ukyplydygy bu çaklamany tassyklaýan ajaýyp mysal bolup biler. Körpeleriň köpüsi eger olary ýat adamlar ele alsalar, aglamaga başlaýarlar, ejeleriniň elinde bolsa köşeşýärler hem-de ýylgyrýarlar.

Synag tejribise hökmünde jenap Isao Işii biziň Irki ösüş assosiasiýamyzda hytaý ýazuwy boýunça sapak berdi. Üç ýaşly çagajyklar «kepderi», «žiraf» ýaly çylşyrymly hytaý iýerogliflerini aňsatlyk bilen ýat tutýardylar. Ýüz keşplerde bolup bilýän sähelçe üýtgeşmeleri hem känbir kösençlik çekmezden ýatda saklap bilýän çaga üçin, müşkil görünýän hytaý iýeroglifleri babatda hiç hili kynçylyk bolanok. «Dokuz» ýaly abstrak sözlerden tapawutlylykda, näçe çylşyrymlydygyna garamazdan, «žiraf», «ýenot», «tilki» ýaly anyk zatlary aňladýan sözleri ol aňsatlyk bilen ýat bekläp bilýär. Şonuň üçin hem çaganyň uly adamy kart oýnunda utup biljekliginde hiç hili geň galarlyk zat ýokdur. Uly adam bellibir ýeri, sany we suraty akyl ýatirip ýatda saklamaly bolýan bolsa, çaga şekiller bilen bagly bolan ajaýyp derejedäki ýada eýedir.

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Google photo

You are commenting using your Google account. Log Out /  Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s