Beýniniň gurluşy näçe ýaşa çenli kemala gelýär?

Ynsan beýnisinde çen bilen 1,4 milliard öýjügiň bolýanlygyny, ýöne täze doglan çagalarda olaryň agramly böleginiň entek herekete girişmedik haldadygyny aýdýarlar.

Täze doglan çaga bilen uly adamyň kelle beýnilerindäki öýjükleriň deňeşdirilip görülmegi, beýniniň ösüş hadysasynyň dowamynda onuň öýjükleriniň arasynda aýratyn bir köprüjikleriň — ösüntgileriň emele gelýändigini görkezýär. Kelle beýnisiniň öýjükleri, hamana diýersiň, birek-birege ellerini uzadýan ýaly, duýgy agzalarynyň kömegi arkaly daşky dünýäden alýan maglumatlaryna biri-birlerine bil baglap seslenmek üçin isleýän ýaly. Bu hadysa elektron kompýuterlerdäki geçirijileri (tranzistor) ýada salýar. Aýratynlykda alnan her bir geçiriji öz-özünden işläp bilenok, diňe bir bitewi ulgama birigende olar kompýuter ýaly işläp başlaýarlar.

Öýjükleriň arasyndaky baglanyşygyň has işjeň kemala gelýän döwri — çaga doglandan üç ýaşa çenli bolan döwürdir. Bu döwür içinde şeýle baglanyşmalaryň 70-80 göterim töweregi emele gelýär. Olar näçe ösüp kämilleşdigiçe, beýniniň mümkinçilikleri artýar. Dogluşdan soňky ilkinji alty aýda beýni eýýäm uly haldaky mümkinçiliginiň 50 göterimine, üç ýaşda 80 göterimine ýetýär. Elbetde, bu üç ýaşdan soň çaga beýnisiniň ösmegini togtadýanlygyny aňlatmaýar. Üç ýaşda, esasan, beýniniň yzky bölegi kemala gelýär, dört ýaşda bolsa eýýäm bu çylşyrymly hadysa «maňlaý bölekleri» hem goşulýar.

Beýniniň daşky dünýäden duýduryşlary almak, ondan şekilleri döretmek we ýatda saklamak ýaly düýpli ukyplary ýokarda ýatlap geçen kompýuterimizdir, ol çaganyň akyl-paýhas babatdaky soňraky ösüşiniň özeni bolup durýar. Pikirleniş, talaplar, döredijilik, duýgular ýaly kämil ukyp-başarnyklar üç ýaşdan soň ösýärler, ýöne olar şol ýaşda kemala gelen düýp özeni peýdalanýarar.

Şunlukda, eger ilkinji üç ýaşda berk özen emele gelmedik bolsa, ony nädip ulanmalydygyny öwretmek peýdasyzdyr. Bu ýaramaz kompýuterde işläp, gowy netijeleri gazanjak bolmaga synanyşyk eden ýalydyr.

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Google photo

You are commenting using your Google account. Log Out /  Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s