Geniýleri terbiýeläp ýetişdirmekde irki ösüşiň kömegi degýärmi?

Köplenç halatda menden: «Geniýleri terbiýeläp ýetişdirmekde irki ösüşiň kömegi degýärmi?» diýip soraýarlar. Men: «Ýok» diýip jogap gaýtarýaryn. Irki ösüşiň ýeke-täk maksady — çaganyň çuňňur akyla we sagdyn bedene eýe bolmagy, üşükli hem mylakatly bolmagy üçin oňa zerur bilim bermek.

Eger beden taýdan kemli bolmasa, adamlaryň hemmesi, umuman, birmeňzeş halda dünýä inýärler. Çagalaryň akyllylara hem akmaklara, garasöýmezlere we agressiwlere bölünmegi üçin jogapkärçilik terbiýäniň üstüne düşýär. Eger çaga zerur bolan zat, zerur wagtynda berilse, islendik çaga üşükli hem durnukly gylyk- häsiýetli bolup ösüp ýetişäýmeli.

Meniň pikirimçe, irki ösüşiň esasy maksady — betbagt çagalaryň peýda bolmagynyň öňüni almak. Çaga gowy sazlary diňledilmeginiň we skripkada saz çalmagy öwredilmeginiň sebäbi ondan meşhur sazanda ýetişdirmek bilen bagly däl. Oňa daşary ýurt diliniň öwredilmeginiň maksady ondan genial derejedäki lingwist taýýarlamak däl, hatda ony «gowy» çagalar bagyna we başlangyç mekdebe taýýarlamak hem däl.

Esasy zat — çaganyň durmuşynda we dünýäde şatlygyň has köp bolmagy üçin, çagada onuň bolup biläýjek derejedäki çäksiz mümkinçiliklerini ösdürmek.

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Google photo

You are commenting using your Google account. Log Out /  Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s