Çagalar bagy — bu eýýäm giç

Ömrüniň ilkinji üç ýylynda çaganyň öwrenmäge we ösmäge bolan mümkinçiligi iň ýokary derejededir. Şonuň üçin garaşmaň, haýal-ýagallyk etmäň.

Ähtimal, siziň her biriňiz hem mekdep ýyllaryndan şeýle ýagdaýy ýada salyp bilersiňiz: synpda aýratyn zehinli okuwçy bolandyr, ol göz-görtele yhlas etmese-de, synpyň lideri bolandyr, başga biri bolsa, her näçe yhlas etse-de, gyzarylyp yzda süýrenip ýörendir.

Çagakak mugallymlar bizi şeýleräk ruhda höweslendirýärdiler: «Sen akyllymy ýa-da ýok, bu nesil yzarlap geçýän ýagdaý dädir. Ähli zat öz yhlasyňa baglydyr». Barybir şahsy tejribäm ökdäniň-hä hemişe ökdedigini, ikilikçiniň hem elmydama ikilikçidigini aýdyň görkezdi. Göräýmäge, akyl derejesi (intellekt) ezelden kesgitlenen ýaly. Bu gabat gelmezlige näme alaç tapyp bolarka?

Men adamyň ukyplary we häsiýeti doglandan kesgitlenen ýagdaý däl-de, esasan, onuň ömrüniň bellibir döwründe kemala gelýär diýen netijä geldim. Köp wagt bäri jedel gidýär: adamy nesil yzarlamak kemala getirýärmi ýa-da onuň özleşdirýän bilimi we terbiýe kemala getirýär? Emma häzirki güne çenli bellibir derejede ynandyryjy bolan taglymatlaryň hiç biri hem bu jedellere nokat goýup bilenok.

Ahyrsoňy beýniniň fiziologiýasynyň öwrenilmegi bir tarapdan, beýleki bir tarapdan hem çaga psihologiýasynyň öwrenilmegi çaganyň akyl taýdan ukyp-başarnyklarynyň ösüşiniň açarynyň nämedeligini görkezdi. Bu onuň ömrüniň ilkinji üç ýylyndaky, ýagny beýni öýjükleriniň ösýän döwründäki akyl ýetiriş babatda şahsy tejribesinde. Çagalaryň hiç biri geniý bolup dogulmaýar, şeýle-de hiç biri samsyk bolup hem dünýä inmeýär. Hemme zat çaganyň ömrüniň aýgytlaýjy ýyllarynda kelle beýnisiniň höweslendirilişine we ösüş derejesine bagly bolýar. Bu dogluşdan üç ýaşa çenli bolan ýyllar. Çagalar bagynda terbiýe bermek eýýäm giç bolýar.

Leave a Reply

Fill in your details below or click an icon to log in:

WordPress.com Logo

You are commenting using your WordPress.com account. Log Out /  Change )

Google photo

You are commenting using your Google account. Log Out /  Change )

Twitter picture

You are commenting using your Twitter account. Log Out /  Change )

Facebook photo

You are commenting using your Facebook account. Log Out /  Change )

Connecting to %s